Oýun sanawy

Astanada Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi

01 Aprel. 15:32

Çeşme

Gazagystanyň paýtagtynda premýer-ministriň orunbasary Kanat Bozumbaýewiň ýolbaşçylygynda Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň mejlisi boldy. Bu möhüm çärä sebitiň ýurtlarynyň wekilleri, şol sanda Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň ýokary derejeli resmileri gatnaşdylar. Türkmenistana hökümetde oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Taňryguly Atahallyýew wekilçilik etdi, Gyrgyzystanyň wekiliýeti bolsa synçy hökmünde gatnaşdy.

Mejlis Gazagystanyň gaznada başlyklyk edýän döwrüniň netijelerini jemlemek we AHHG-y esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlyk görmek maksady bilen guraldy. Taraplar sebitde suw serişdelerini netijeli dolandyrmak we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Gaznanyň gurluşyny kämilleşdirmek we onuň halkara derejesindäki abraýyny has-da ýokarlandyrmak meseleleri gepleşikleriň özenini düzdi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça bäş sany möhüm çözgüde gol çekildi. Bu resminamalar 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astanada geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň mejlisiniň guramaçylyk meselelerini hem-de ýerine ýetiriji komitetiň işiniň netijelerini öz içine alýar. Şeýle hem, halkara hyzmatdaşlar bilen utgaşykly hereket etmek we geljekki iş meýilnamalaryny tassyklamak boýunça birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. Bu bolsa sebitdäki ekologiýa taslamalarynyň maliýe üpjünçiligini berkitmäge ýardam eder.

Mundan başga-da, mejlisde Syrderýa basseýninde suw serişdelerini hasaba almagyň we paýlamagyň döwrebap ulgamyny döretmek baradaky başlangyçlara seredildi. Mejlisiň dowamynda 2026–2036-njy ýyllar üçin niýetlenen «Suwdan rejeli peýdalanmak boýunça amaly hereketleriň onýyllygy» atly täze maksatnamanyň ähmiýeti nygtaldy. Bu onýyllyk sebitde suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we Aral ýakasyndaky halklaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açar diýlip garaşylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçisi türkmen metbugat wekilleri bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy

24 Okt. 13:04

Çeşme

2026-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Şener Jebeji Ilçihananyň resmi rezidensiýasynda türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen tanyşlyk ertirlik naharyny gurady. Duşuşyk dostlukly we işjeň ýagdaýda geçirilip, iki ýurduň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer baglanyşyklary hem-de syýahatçylyk ugry boýunça gazanylan sepgitleri jemlemäge we täze bilelikdäki taslamalary maslahatlaşmaga giň mümkinçilik döretdi.

Dostlukly duşuşygyň dowamynda Ilçi Şener Jebeji metbugatyň ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky köprüleri berkidýän hem-de dostlukly gatnaşyklary geljege ugrukdyrýan iň güýçli sütünleriň biridigini aýratyn belledi. Şol bir wagtda ol TRT-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işleriniň we «TRT Awaz» teleýaýlymynyň bütin türki dünýäsine ugrukdyrylan alyp berişleriniň bu ugurda nusgaly mysaldygyny nygtady. Ilçi Türkmenistanyň döwlet we hususy habar beriş serişdeleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmäge açykdyklaryny beýan etdi.

Duşuşykda soňky döwürde Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Türkiýe Respublikasynda guralan netijeli saparlar we kabul ediş maksatnamalary barada giňişleýin maglumat berildi. Hususan-da, 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabry – 4-nji oktýabry aralygynda Türkiýäni Ösdürmek Agentligi (TGA) tarapyndan Gaziantepde we Şanlyurfada türkmenistanly iki žurnalist kabul edildi. Olar 30-njy sentýabr – 4-nji oktýabr aralygynda Şanlyurfa howa menzilinde geçirilen «TEKNOFEST» awiasiýa, kosmos we tehnologiýalar halkara festiwalynyň çärelerine ýakyndan gatnaşdylar.

Mundan başga-da, TGA hem-de «Türk howa ýollary» (THY) kompaniýasynyň Aşgabat wekilhanasynyň hyzmatdaşlygynda, Türkiýäniň Ilçihanasynyň goldamagynda 2026-njy ýylyň 10–14-nji oktýabry aralygynda 11 adamdan ibarat türkmen wekiliýeti (10 metbugat wekili we ýerli işgär) Çanakkale we Balykesir welaýatlaryna sapar etdi. Žurnalistler saparyň çäklerinde Zeýtun ýagy muzeýinde, Kaz daglarynda, Assos hem-da Troýa gadymy şäherlerinde, Troýa muzeýinde, Gelibolu taryhy zolagynda we Çanakkala şehitleriniň ýadygärliginde bolup, sebitiň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdylar. Umumylykda, 2023–2026-njy ýyllarda geçirilen 14 sany kabul ediş maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistandan jemi 84 adam Türkiýäniň dürli sebitlerinde myhmançylykda boldy.

Iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk ugry bоýunça görkezijiler hem çalt depginler bilen artýar. Maglumatlara görä, 2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda Türkmenistandan Türkiýä gelen myhmanlaryň sany 151 887 adama ýetip, bu görkeziji 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,46 göterim artdy. Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy hem global derejede uly üstünlikleri gazanýar: 2017-nji ýylda dünýäde iň köp syýahatçy kabul eden ýurtlaryň arasynda 8-nji orunda duran Türkiýe 2024-nji ýylda 4-nji orna geçdi. Ýurt 2025-nji ýylda 64 million myhmany kabul edip, 65,2 milliard dollar girdeji bilen rekord goýan bolsa, 2026-njy ýylda 68 milliard dollar girdejä ýetmegi maksat edinýär.

Duşuşygyň soňunda Ilçi Şener Jebeji bu tanyşlyk ertirlik naharynyň geçirilen saparlary jemlemek we geljekde bilelikde ädilip bilinjek täze ädimleri maslahatlaşmak üçin örän gymmatly mümkinçilik bolandygyny tassyklady. Ol Ilçihananyň metbugat wekillerinden gelip gowuşjak ähli hyzmatdaşlyk tekliplerini seljermäge taýýardygyy hem-da bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakdan razy boljakdygyny bilidirdi.

Şeýle hem diplomatik wekilçiligiň ýolbaşçysy Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary täze ýokary derejä çykarjak möhüm ýokary derejeli sammitlere we ýubileý çärelerine yzygiderli taýýarlyk görülýändigini belledi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň berk syýasy erk-islegine daýanyp, Ilçihana ikitaraplaýyn birleşikde we iki doganlyk halkyň bähbidine hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek ugrundaky işlerini durnukly dowam etdirer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌