Oýun sanawy


26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Gruziýanyň Adalatçysy Lewan Ioseliani bilen duşuşygy boldy. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gürrüňdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ýokary depginini kanagatlanma bilen bellediler. Ýokary derejedäki yzygiderli özara saparlaryň döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy faktory bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň iýul aýynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň strategik ähmiýeti bellenildi.
Taraplar adam hukuklarynyň goraglylygy ham-da parlament ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda parlamentara dostluk toparlarynyň işjeňliginiň hem-de amala aşyrýan çäreleriniň ähmiýeti aýratyn agzaldy.
Jenap Lewan Ioseliani bildirilen gyzgyn myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi we Türkmenistanyň baş baýramy bolan Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.