Oýun sanawy

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni köpçülikleýin sport çäreleri bilen bellenildi

09 Aprel. 13:26

Çeşme

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli giň gerimli welosipedli ýörişler geçirildi. Paýtagt Aşgabatdan başlap, iň çetki welaýat merkezlerine çenli ýaýbaňlanan bu sport çäresi ýurtda sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanýandygyny görkezdi. Köpçülikleýin çärelere döwlet edaralarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyplar we sport muşdaklary işjeň gatnaşdylar.

Paýtagt Aşgabatda we täze gurlan Arkadag şäherinde geçirilen ýörişler aýratyn dabaralara beslendi. Aşgabatda welosipedçiler topary şäheriň gözel şaýollarynyň ugrunwardy, Arkadag şäherinde bolsa ýöriş "Taýçanak" binasynyň öňünden badalga aldy. Her iki şäherde hem sport çäreleri medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdyrylyp, ilat arasynda ýokary ruhubelentlik döretdi.

Welaýat merkezlerinde hem baýramçylyk çäreleri ýokary derejede guraldy. Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň her birinde özboluşly ugurlar saýlanyp alnyp, müňlerçe adam sportuň bu ekologiýa taýdan arassa görnüşine goşuldy. Balkanabatda "Türkmeniň ak öýi" binasynyň ýanyndan, Türkmenabatda bolsa "Ýüpek ýoly" binasyndan başlanan ýörişler welaýatlaryň döwrebap sport toplumlarynda jemlendi.

Bütindünýä saglyk gününi şeýle giňden bellemek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge gönükdirilendir. Geçirilen çäreler diňe bir sport ýaryşy bolman, eýsem daşky gurşawy goramak we jemgyýetde sagdynlygy wagyz etmek ugrunda ädilen möhüm ädim boldy. Ýurduň ähli künjeklerini gurşap alan bu dabaralar halkyň agzybirligini we sagdyn geljege bolan ynamyny ýene bir gezek tassyklady.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌