Oýun sanawy


Lawrow: Russiýa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň esasy ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar
20 Sen. 10:55Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lavrow Russiýanyň Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarda öňdebaryjy orunlarynyň birini eýelemegini dowam etdirýändigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, bu ýurtlar bilen ýyllyk umumy haryt dolanyşygy 45 milliard dollardan geçýär.
Ministr energiýa, sanlylaşdyrma, logistika hem-de çykaryjy we gaýtadan işleýji senagat ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljeginiň ulydygyny belledi. Şeýle hem, möhüm çig mallaryň çykarylyşy we emeli intellekt tehnologiýalarynyň işlenip düzülmegi boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär.
Lavrow oktýabr aýynda Duşenbede geçiriljek "Russiýa – Merkezi Aziýa" sammitine hem ünsi çekdi. Bu sammitde alty ýurduň liderleri söwda, maýa goýum, senagat we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.


Türkmenistanyň wekilleri Özbegistanda geçiriljek I Merkezi Aziýa talyplar sport forumyna gatnaşarlar
Bugün 10:022026-njy ýylyň 29-njy sentýabry bilen 2-nji oktýabry aralygynda Özbegistanda I Merkezi Aziýa talyplar sport forumy geçiriler. Bu halkara sport çäresine Türkmenistanyň degişli edaralarynyň we wekillikleriniň hem amaly gatnaşmagyna garaşylýar.
Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň maglumatlaryna salgylanmak bilen habar berlişi ýaly, bu forum Halkara Uniwersitet Sport Federasiýasynyň (FISU) Prezidenti Leonz Ederiň Daşkente saparynyň çäklerinde guralýar. Çärä FISU-nyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň talyplar sport federasiýalarynyň wekilleri gatnaşarlar.
Guralýan forumyň esasy maksady talyplar sportuny ösdürmek boýunça toplanan tejribäni halkara derejede ýaýratmakdan hem-de sebit döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Maslahatyň dowamynda talyplar sportuny ösdürmegiň döwrebap çemeleşmeleri we bu ugurdaky geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşylar.
Şeýle hem okanyň