Oýun sanawy

Hamzat Çimäýew Dýu Plessini ýeňip, UFC-niň orta agram derejesinde çempion boldy

17 Awgust. 09:13

Çeşme

Birleşen Arap Emirlikleriniň adyndan çykyş edýän, çeçen asylly MMA göreşijisi Hamzat Çimäýew orta agram derejesinde UFC-niň täze çempiony boldy. Ol Çikagoda geçirilen UFC 319 ýaryşynda Günorta Afrikaly Dýu Plessini ýeňdi.

Döwüş eminleriň agzybir karary bilen 50–44, 50–44, 50–44 hasaby bilen Çimäýewiň peýdasyna tamamlandy.

Bu Hamzat Çimäýewiň professional karýerasyndaky 15-nji ýeňşi bolup, ol UFC-de hem 9 duşuşykda 9 ýeňşi gazandy. Ol häzire çenli hiç bir garşydaşyna ýeňilmedi.

31 ýaşly Dýu Plessi üçin bolsa bu üçünji ýeňlişi bolup, ol soňky gezek 2018-nji ýylda ýeňlipdi.

















Türkmen türgenleri Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynda 11 medal gazandylar

08 Sen. 13:45

Çeşme

Gyrgyzystanda geçirilen VI Bütindünýä çarwadarlar oýunlary dabaraly ýagdaýda tamamlandy. Dünýäniň 106 ýurdundan 3 müňe golaý türgeniň gatnaşmagynda geçen bu halkara etnosport ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy uly üstünlik gazandy. Biziň pälwanlarymyz bäsleşikleriň netijeleri boýunça 2 altyn, 3 kümüş we 6 bürünç — jemi 11 medal eýeläp, umumy medal sanawynda 7-nji orny eýelediler. Меdal toplamakda birinji orny Gazagystan, ikinji orny Gyrgyzystan, üçünji orny bolsa Russiýa eýeledi.

Milli ýygyndymyzyň türgenleri milli göreş, kuraş, alyş, ssirym, gazak we azerbaýjan göreşleri ýaly ugurlarda tapawutlandylar. Bäsleşikleriň maksatnamasy diňe bir güýç synanyşyklaryny däl, eýsem kök-börü, er-eňiş, guşly aw oýunlary we «otly çapyksuwar» şowusy ýaly täsirli medeni dabaralary hem öz içine aldy. Ýapylyş dabarasynda dron şüweleňi we halkara konsert geçirildi, şeýle hem nobatdaky VII Oýunlary 2028-nji ýylda geçirmek gezegi Russiýanyň Kazan şäherine gowşuryldy.