Oýun sanawy


Keniýa taryhda ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder
15 Sen. 18:04Keniýa ýeňil atletika boýunça uly ýaşly türgenleriň arasyndaky dünýä çempionatyny kabul etjek ilkinji Afrika ýurdy bolar. Bu taryhy halkara ýaryşy 2029-njy ýylda geçirilip, bäsleşikleri ýurduň paýtagty Naýrobi şäherindäki 48 müň tomaşaçy üçin niýetlenen «Kasarani» stadionynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Ýaryşy geçirmek hukugy ugrunda Naýrobiden başga-da London we Rim şäherleri bäsleşdi, emma olar Keniýadan ýeňildiler. Şol bir wagtyň özünde, 2031-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek hukugy Germaniýanyň Mýunhen şäherine berildi. Ýatladyp geçsek, Keniýa ozal 2025-nji ýyldaky çempionaty geçirmäge hem dalaş edipdi, emma şonda infrastruktura sebäpli bu hukuk Tokio şäherine berilipdi.
Keniýanyň saýlawdaky esasy artykmaçlyklarynyň biri ýurduň baý atletika däpleri boldy. Gündogar Afrika döwleti dünýä çempionatlarynda 72 medal, Olimpiýa oýunlarynda bolsa 38 altyn medal gazandy. Naýrobiniň dalaşgärligini öňe sürmek işine marafonda iki gezek Olimpiýa çempiony we 2003-nji ýyldaky dünýä çempiony Eliud Kipçoge hem bürünip gatnaşdy. «World Athletics» guramasynyň prezidenti Sebastian Kou Naýrobiniň dalaşgärligini örän täsirli diýip häsiýetlendirdi.
Mundan başga-da, ýurduň iri ýeňil atletika ýaryşlaryny geçirmek boýunça toplanan tejribesi uly rol oynady. Naýrobide 2017-nji ýylda 18 ýaşa çenli, 2021-nji ýylda bolsa 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda dünýä çempionatlary geçirildi. 2007-nji ýylda bolsa Mombasada kross boýunça dünýä çempionaty guralypdy.
Häzirki wagtda Keniýa Tanzaniýa we Uganda bilen bilelikde geçirjek Afrikanyň Milletler kubogy futbol ýaryşynyň öňüsyrasynda sport desgalarynyň durkuny täzeleýär. Şol taýýarlyk işleriniň çäklerinde «Kasarani» stadionynda hem giň gerimli gurluşyk we durkuny täzeleme işleri amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň


UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär
26 Okt. 11:00UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.
Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.