Oýun sanawy


Gazagystanda täze okuw ýylyndan başlap bäsleşiklerde üstünlik gazanan mekdep okuwçylaryna ýörite pul baýraklary berlip başlanar. «NUR.KZ» neşiriniň habar berşi ýaly, ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Astanada geçirilen mugallymlar maslahatynda zehinli ýaşlary höweslendirmek çärelerini giňeltmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany orta bilim ulgamynda emeli aňy ösdürmegiň we adam maýasyna maýa goýmagyň möhümligini nygtady. Täze karar boýunça pul baýraklary diňe bir halkara intellektual olimpiadalaryň ýeňijilerine däl, eýsem ylmy taslama bäsleşiklerinde üstünlik gazanan okuwçylara hem gowşurylar. Tokaýew ýaşlaryň intellektual mümkinçilikleriniň we täze tehnologiýalaryň eýýäm ykdysadyýetde täze startaplaryň hem-de «ýekebuýnuz» kompaniýalaryň döremegine sebäp bolýandygyny belledi.
Şeýle hem okanyň


Bangladeşde gyzamyk we denge keselleriniň ýaýramagy sebäpli saglygy goraýyş ulgamy kynçylyklara duş gelýär
10 Sen. 09:46Bangladeşde ýurduň taryhynda iň uly gyzamyk epidemiýasy hasaba alnyp, keselhanalaryň näsaglardan dolmagy netijesinde saglygy goraýyş ulgamy agyr kynçylyklary başdan geçirýär. ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň hamana Bangladeşiň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp «Reuters» gullugynyň habar berşi ýaly, 2026-njy ýylyň mart aýyndan bäri bu kesel sebäpli 999 ölüm hadysasy we 166 müňden gowrak şübheli näsag ýüze çykaryldy. Kesellänleriň agramly bölegini bäş ýaşa çenli çagalar düzýär.
Ýurtdaky saglygy goraýyş ýagdaýyny denge gyzzyrmasynyň hem birden ýaýramagy has-da kynlaşdyrýar. Ýylyň başyndan bäri denge keseli sebäpli 45 müňden gowrak adam hassahana ýerleşdirilip, bir günüň dowamynda keselhana düşýänleriň sany iň ýokary görkezijä ýetdi. Şunlukda, keselhanalarda orunlaryň, dermanlaryň hem-de çagalar üçin niýetlenen fiziologik erginleriň ýetmezçiligi ý кур çykdy.
Epidemiýanyň şeýle giň gerim almagyna 2024-2025-nji ýyllarda syýasy çökgünlik sebäpli meýilnamalaýyn sanjym işleriniň bökdelemegi hem-de wagtlaýyn hökümetiň milli sanjym kampaniýalaryny ýatyrlyp, derman satyn alyş ulgamyny üýtgetmegi sebäp boldy.