Oýun sanawy


Ýaponiýa Marsyň hemrasyna ilkinji bolup gonjak «MMX» zonduny kosmos giňişligine uçurdy
21 Okt. 11:23Ýapon aerokosmos gözlegleri agentligi (JAXA) dünýäde ilkinji bolup Marsyň hemrasy Fobosa gonup, ol ýerden toprak nusgalaryny Ýere getirmäge niýetlenen «MMX» zonduny üstünlikli kosmosa uçurdy. Kosmos enjamy Tanegasima kosmodromyndan «H-3» agyr göteriji raketasynyň kömegi bilen Yeriň çäginden daşyna iberildi. Agramy 4,5 tonna deň bolan we gerimi dokuz metr bolan gün batareýalary bilen üpjün edilen zond «H-3» raketasyndan bellenen wagtda aýrylyp, göz öňünde tutulan orbitasyna üstünlikli çykdy.
Meýilnama laýyklykda, kosmos zondo takmynan 2027-nji ýylyň awgust aýynda Fobosa ýeter we 2028-nji ýylyň dekabrynda ol ýerden agramy 10 gram töweregi bolan regolit (toprak) nusgalaryny ýygnar. Barlag işleri tamamlanandan soň, enjam 2031-nji ýylda Ýere gaýdyp geler we alnan gymmatly nusgalary ýörite kapsulada planeta goýberer. Alymlar bu toprak nusgalaryny öwrenmek arkaly Fobosyň hem-da Marsyň gelip çykyşy hakynda täze ylmy maglumatlary almagy maksat edinýärler.
Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministri Ýosihira Sekiniň bellemegine görä, bu taryhy missiýa diňe bir Gün ulgamynyň taryhyny öwrenmäge däl, eýsem geljekde Marsa adamyň gatnaşmagyndaky kosmos ekspedisiýalaryny guramak üçin zerur bolan täze tehnologiýalary işläp düzmäge hem uly goşant goşar. Fobosda geçiriljek barlaglar kosmos ylymlarynda täze sahypany açar.
Şeýle hem okanyň


UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär
26 Okt. 11:00UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.
Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.