Oýun sanawy


«Jadyly tokaý» dükanlar ulgamy öýüňiziň we bagyňyzyň görküni özgertjek ÄHLUMUMY ARZANLAŞYGY yglan edýär
10 Maý. 13:10Meşhur «Jadyly tokaý» firmasy möwsümiň iň uly täsinligine öwrüljek we islendik öýüň hem-de bagyň görküni düýpgöter özgertjek giň gerimli arzanlaşygyň başlanandygyny yglan edýär. Dükanlar ulgamy ähli harytlar üçin bahalaryny peseldip, bagbançylyk we bezeg dünýäsinde täze taryhy ýazýar. Indi seýrek duş gelýän agaçlar we ekzotik ösümlikler her bir müşderi üçin elýeterli boldy.
Firmanyň hünärmenleri adaty bir mellegi žurnallaryň ýüzüne mynasyp boljak ajaýyp künjege öwürmegiň syrlaryny bilýärler. Häzirki wagtda kämil bagy döretmek üçin niýetlenen bezeg ösümliklerini we dürli gülleri birnäçe esse arzan bahadan satyn alyp bilersiňiz. Bu arzanlaşyk diňe bir tygşytlylyk däl, eýsem öýüňize we daşky gurşawyňyza täze ömür bermek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Iň oňat nahallar heniz bar wagty, öz Jennet bagyňyzy döretmäge howlygyň. «Jadyly tokaý» gözelligi döredýär, size bolsa diňe onuň lezzetini almak galýar.
Şeýle hem okanyň


Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi
Bugün 08:31Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.
Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.
Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.