Oýun sanawy


Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ilkinji gezek hususy pudagyň sergisine gatnaşýar
18 Mart. 13:32Türkmenistanyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ýurdumyzyň döwlete dahylsyz pudagynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä ilkinji gezek gatnaşýar. 2025-nji ýylda düýbi tutulan bu täze ýokary okuw mekdebi sergi merkezindäki özboluşly diwarlygynda talyp ýaşlaryň innowasion taslamalaryny we okuw ojagynyň gysga wagtyň içinde gazanan üstünliklerini giňden tanyşdyrýar. Bu gatnaşyk uniwersitetiň ýurduň ykdysady durmuşyna işjeň goşulýandygynyň subutnamasydyr.
Uniwersitetiň mugallymy Tyllagözel Muhammedowanyň bellemegine görä, bu sergi talyplar we mugallymlar düzümi üçin uly ähmiýete eýedir. Diwarlykda dürli bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolan ylmy taslamalar, şeýle hem talyplaryň özleriniň barlaghanalarda öndürýän dürli görnüşli sabyn önümleri görkezilýär. Myhmanlar ýokary okuw mekdebiniň barlaghanalarynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýarlar.
Ýaş telekeçileri taýýarlamakda uniwersitet diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem tejribä hem uly üns berýär. Talyplaryň alan bilimlerini önümçilikde berkitmekleri üçin ýurduň iri zawod-fabriklerine yzygiderli göçme sapaklar guralýar. Şol ýerlerde ýaşlar döwrebap enjamlaryň işledilişi, innowasion tehnologiýalar we kärhanalaryň dolandyrylyş ulgamy bilen tanyşýarlar. Şeýle hem tejribeli telekeçiler uniwersitete gelip, halypa-şägirtlik ýörelgesi esasynda öz tejribelerini ýaşlar bilen paýlaşýarlar.
Häzirki wagtda dowam edýän bu sergi talyplaryň dünýägaraýşyny giňeltmekde we saýlap alan hünärlerine bolan höwesini artdyrmakda möhüm platforma bolup hyzmat edýär. Hususy pudagyň wekilleri bilen göni aragatnaşyk gurmak talyplara geljekdäki iş orunlary we telekeçilik ukyplary barada täze pikirleri berýär. Uniwersitetiň wekilleri ýaşlaryň geljekde öz döredijilikli taslamalary bilen Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrjakdygyna uly ynam bildirýärler.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.