Oýun sanawy

Hankuk daşary ýurt bilimleri uniwersitetinde Türkmenistanyň ýyl şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

29 Mart. 10:28

Çeşme

Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde ýerleşýän meşhur Hankuk daşary ýurt bilimleri uniwersitetinde (HUFS) Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan dabaraly halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Koreýadaky ilçihanasynyň guramagynda geçen bu çäre iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer we diplomatik gatnaşyklaryň täze belentliklere çykýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Maslahata Koreýa Respublikasynyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilleri, HUFS uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, şol sanda bu ýurtda bilim alýan türkmen ýaşlary gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň ilçisi Begenç Durdyýew Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ykdysady we syýasy ösüşler, şeýle hem Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti barada çykyş etdi. Şeýle hem ol gatnaşyjylary Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby bilen tanyşdyrdy.

Çykyşlarda 2026-njy ýylyň şygarynyň mazmuny we onuň Koreýa medeniýetindäki «Byeong-o» (Otly at) ýyly bilen gabat gelmeginiň aýratyn simwoliki ähmiýete eýedigi bellenildi. «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory jenap Ri Jon-kuk Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji syýasatyna ýokary baha berdi. Ol şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ilkinji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklarda taryhy pursat boljakdygyny nygtady.

Halkara maslahatyň çäklerinde türkmen milli amaly-haşam sungatynyň sergisi hem guralyp, onda nepis halylar we milli şaý-sepler görkezildi. Maslahatyň ahyrynda myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenildi, bu bolsa gatnaşyjylara türkmen halkynyň myhmansöýerlik däpleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi. Bu çäre diňe bir ylmy maslahat bolman, eýsem iki halkyň medeniýetleriniň ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegiň berkemegine uly goşant goşdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçisi türkmen metbugat wekilleri bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy

24 Okt. 13:04

Çeşme

2026-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Şener Jebeji Ilçihananyň resmi rezidensiýasynda türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen tanyşlyk ertirlik naharyny gurady. Duşuşyk dostlukly we işjeň ýagdaýda geçirilip, iki ýurduň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer baglanyşyklary hem-de syýahatçylyk ugry boýunça gazanylan sepgitleri jemlemäge we täze bilelikdäki taslamalary maslahatlaşmaga giň mümkinçilik döretdi.

Dostlukly duşuşygyň dowamynda Ilçi Şener Jebeji metbugatyň ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky köprüleri berkidýän hem-de dostlukly gatnaşyklary geljege ugrukdyrýan iň güýçli sütünleriň biridigini aýratyn belledi. Şol bir wagtda ol TRT-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işleriniň we «TRT Awaz» teleýaýlymynyň bütin türki dünýäsine ugrukdyrylan alyp berişleriniň bu ugurda nusgaly mysaldygyny nygtady. Ilçi Türkmenistanyň döwlet we hususy habar beriş serişdeleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmäge açykdyklaryny beýan etdi.

Duşuşykda soňky döwürde Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Türkiýe Respublikasynda guralan netijeli saparlar we kabul ediş maksatnamalary barada giňişleýin maglumat berildi. Hususan-da, 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabry – 4-nji oktýabry aralygynda Türkiýäni Ösdürmek Agentligi (TGA) tarapyndan Gaziantepde we Şanlyurfada türkmenistanly iki žurnalist kabul edildi. Olar 30-njy sentýabr – 4-nji oktýabr aralygynda Şanlyurfa howa menzilinde geçirilen «TEKNOFEST» awiasiýa, kosmos we tehnologiýalar halkara festiwalynyň çärelerine ýakyndan gatnaşdylar.

Mundan başga-da, TGA hem-de «Türk howa ýollary» (THY) kompaniýasynyň Aşgabat wekilhanasynyň hyzmatdaşlygynda, Türkiýäniň Ilçihanasynyň goldamagynda 2026-njy ýylyň 10–14-nji oktýabry aralygynda 11 adamdan ibarat türkmen wekiliýeti (10 metbugat wekili we ýerli işgär) Çanakkale we Balykesir welaýatlaryna sapar etdi. Žurnalistler saparyň çäklerinde Zeýtun ýagy muzeýinde, Kaz daglarynda, Assos hem-da Troýa gadymy şäherlerinde, Troýa muzeýinde, Gelibolu taryhy zolagynda we Çanakkala şehitleriniň ýadygärliginde bolup, sebitiň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdylar. Umumylykda, 2023–2026-njy ýyllarda geçirilen 14 sany kabul ediş maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistandan jemi 84 adam Türkiýäniň dürli sebitlerinde myhmançylykda boldy.

Iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk ugry bоýunça görkezijiler hem çalt depginler bilen artýar. Maglumatlara görä, 2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda Türkmenistandan Türkiýä gelen myhmanlaryň sany 151 887 adama ýetip, bu görkeziji 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,46 göterim artdy. Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy hem global derejede uly üstünlikleri gazanýar: 2017-nji ýylda dünýäde iň köp syýahatçy kabul eden ýurtlaryň arasynda 8-nji orunda duran Türkiýe 2024-nji ýylda 4-nji orna geçdi. Ýurt 2025-nji ýylda 64 million myhmany kabul edip, 65,2 milliard dollar girdeji bilen rekord goýan bolsa, 2026-njy ýylda 68 milliard dollar girdejä ýetmegi maksat edinýär.

Duşuşygyň soňunda Ilçi Şener Jebeji bu tanyşlyk ertirlik naharynyň geçirilen saparlary jemlemek we geljekde bilelikde ädilip bilinjek täze ädimleri maslahatlaşmak üçin örän gymmatly mümkinçilik bolandygyny tassyklady. Ol Ilçihananyň metbugat wekillerinden gelip gowuşjak ähli hyzmatdaşlyk tekliplerini seljermäge taýýardygyy hem-da bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakdan razy boljakdygyny bilidirdi.

Şeýle hem diplomatik wekilçiligiň ýolbaşçysy Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary täze ýokary derejä çykarjak möhüm ýokary derejeli sammitlere we ýubileý çärelerine yzygiderli taýýarlyk görülýändigini belledi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň berk syýasy erk-islegine daýanyp, Ilçihana ikitaraplaýyn birleşikde we iki doganlyk halkyň bähbidine hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek ugrundaky işlerini durnukly dowam etdirer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌