Oýun sanawy

Astana emeli aň arkaly döredilen kinolaryň halkara festiwalyna meýdança bolar

13 Aprel. 08:40

Çeşme

Gazagystanyň paýtagtynda geljek güýz paslynda kino sungaty we sanly tehnologiýalar ulgamynda täze sahypa açjak «Astana AI Film Festival» atly halkara çäresi guralar. Bu barada «Kazinform» habarlar gullugy maglumat berýär. Şeýle görnüşli festiwal emeli aňyň kömegi bilen döredilen filmleri hödürlemek we bu ugurda dünýä tejribesini öwrenmek üçin sebitde ilkinji başlangyçlaryň biri bolar.

Taslamanyň esasy maksady häzirki zaman kinosenagaty bilen emeli aň tehnologiýalarynyň özara utgaşmasyny ösdürmekden ybaratdyr. Çäre dünýäniň dürli künjeklerinden IT-hünärmenlerini, režissýorlary we sanly kontent döredijilerini bir ýere jemlär. Bu meýdança täze tehnologiýalaryň kinematografiýa berýän mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmäge şert döreder.

Festiwalyň meýilnamasyndaky iň gyzykly bölüm halkara gysga göwrümli filmleriň bäsleşigi bolar. Bu bäsleşige emeli aň gurallaryny ulanmak arkaly döredijilikli işleri taýýarlan islendik ýurduň awtorlary gatnaşyp bilerler. Mundan başga-da, programma hünärmenler üçin ýöriteleşdirilen maslahatlary we döredijilikli duşuşyklary hem öz içine alýar.

«Astana AI Film Festival» diňe bir bäsleşik däl-de, eýsem hünärmenleriň özara tejribe alyşmagy üçin möhüm başlangyç hasaplanýar. Guramaçylar bu çäräniň sanly kontent bazarynda täze ugurlaryň kemala gelmegine we kinematografiýanyň tehnologik taýdan kämilleşmegine uly itergi berjegini tassyklaýarlar.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.