Oýun sanawy

Halkara gatnaşyklary institutynda MEXT maksatnamasy boýunça synaglar guralar

09 Iýun. 06:43

Çeşme

Şu ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministrliginiň (MEXT) talyp hakly döwlet maksatnamasy boýunça synaglar geçiriler. Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilmegine görä, bu synaglara diňe öňünden ilçihana resmi ýagdaýda arza tabşyran we hasaba alnan dalaşgärler gatnaşyp bilerler.

Guraljak synaglar bilim ulgamynyň birnäçe ugurlaryny, ýagny tebigy we jemgyýetçilik ylymlary boýunça talyp-gözlegçi (Research students), jemgyýetçilik we tebigy ylymlar boýunça talyp (Undergraduate students), şeýle-de tehnologik institutyň (KOSEN) hem-de ýöriteleşdirilen kollejiň talyby ýaly ugurlary öz içine alýar. Synaglaryň takyk geçiriliş tertibi we wagtlaýyn meýilnamasy baradaky giňişleýin maglumatlar daşary ýurt wekilçiliginiň resmi internet sahypasynda ýerleşdirildi.

MEXT maksatnamasy daşary ýurtly talyplaryň Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagyny doly maliýe taýdan üpjün edýän abraýly döwlet goldawydyr. Bu maksatnama ýaşlara bakalawriat basgançagyndan başlap, professional we ylmy-gözleg maksatnamalaryna çenli bilimiň dürli ugurlarynda taryhy mümkinçilikleri hödürleýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌