Oýun sanawy

Hindistan Türkmenistana täze ilçisini belledi

20 Awgust. 05:30

Çeşme

Hindistanyň Daşary işler ministrligi Bándaru Wilsonbabuny Türkmenistanyň täze ilçisi edip belledi diýip, ANI habar berýär.

Wilsonbabu häzirki wagtda Hindistanyň Madagaskardaky ilçisi bolup hyzmat edýär. Mundan ozal ol ministrligiň Ýewraziýa bölüminiň bilelikdäki sekretary bolup işlän.

Ol ýakyn wagtda täze wezipesine girişer diýip garaşylýar. Ol, 2024-nji ýylyň fewralyndan bäri Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi bolup işlän Madhumita Hazarika Bhagatyň ornuna geçer.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.