Oýun sanawy


Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
26 Maý. 14:59Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, bu wajyp maslahatda ýurtda alnyp barylýan wagyz-nesihat işleriniň netijeleri we milli ynsanperwerlik ýörelgelerini has-da dabaralandyrmagyň esasy ugurlary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, sebitleri oňyn ösdürmek, köp çagaly maşgalalara döwlet tarapyndan berilýän goldawlary we ýeňillikleri artdyrmak hem-de howandarlyga mätäç çagalara hossarlyk etmek ýaly rüstem wezipelere seredildi. Şeýle hem obadyr şäherlerimiziň durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak barada netijeli pikir alşyldy. Mejlise gatnaşyjylar tarapyndan öňe sürlen teklipler göz öňünde tutulyp, jemgyýetçilik bähbitli birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi.
Mejlisiniň dabaraly böleginde türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşulularyň jemgyýetde asylly nesilleri terbiýelemekdäki egsilmez ornuny aýratyn belledi. Gahryman Arkadagymyz gün tertibine girizilen meseleleriň doly seredilendigini yglan edip, ýaşulularyň we gaznanyň agzalarynyň alyp barýan ynsanperwer işlerine ýokary baha berdi hem-de hemmelere ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülledip ösdürilmeginde, ýaşlary watansöýüji, belent ahlakly we kämil nesiller edip ýetişdirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.