Oýun sanawy


1-nji awgustdan 100-nji we 45-nji awtobus ugurlary üýtgediler
01 Awgust. 04:53Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 1-nji awgustdan Köpetdag şaýolunyň ugrunda bejeriş işleri geçirilýändigi sebäpli, 100-nji «Teke bazar — Arkadag şäheri» awtobus ugrunyň hem-de 45-nji «Teke bazar — Gökdere» awtobus ugrunyň üýtgedilýändigini habar berýär.
Täze ugurlar boýunça awtobuslar hereketlerini Görogly köçesinden Abadan jülge köçesinden demirgazyk tarapa öwrülip, soň Abadan şaýolundan günbatar tarapa Gurbansoltan eje şaýolunyň ugry bilen Gökdere şaýoluna çenli günorta tarapa dowam etdirerler. Soňra ugurlar Arkadag şäheriniň «Akhan» binasyna hem-de Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezine çenli dowam eder. Awtobuslar hereketlerini yzyna hem şol ugurlar bilen Görogly köçesine çenli dowam etdiriler.
Şeýle hem okanyň


Wenesiýa halkara kinofestiwalynda režissýor Alek Gibni tarapyndan düşürilen, telekeçi Ilon Maskyň ömri we işi baradaky dokumental filminiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Bäsleşikden daşgary görkezilen we takmynan dört sagat dowam edýän bu kinofilmiň golaýda Toronto halkara kinofestiwalynda hem görkezilmegi, 16-njy oktýabrda bolsa dünýä kinoteatrlaryna çykarylmagy meýilleşdirilýär.
Filmi döredijiler tarapyndan köpçülige hödürlenen tizer-wideo rolikde milliarder barada dürli garşylykly pikirler beýan edilýär. Onda käbir hünärmenler Masky häzirki döwrüň beýik oýlap tapyjysy diýip atlandyrsa, beýlekiler ony hereketini öňünden çaklap bolmaýan, rehimsiz we egoist adam hökmünde häsiýetlendirýärler. Tizer kosmos gämisiniň partlamagy we Maskyň «ýadro bombasy» bilen deňeşdirilmegi bilen tamamlanýar.
Tizerde Talking Heads toparynyň öňki solisti Dewid Birniň täze aýdymy ýaňlanýar. Kinoteatrlardaky resmi görkezilişleri tamamlanandan soňra, bu dokumental film HBO we Max striming platformalarynda tomaşaçylara hödürlener.