Oýun sanawy

Gomeriň dessanlary we meşhur Troýa aty: türkmen žurnalistleriniň Çanakgaladaky dördünji güni

13 Okt. 17:05

Türkmenistanyň KHBS wekilleriniň halkara metbugat saparynyň dördünji güni bütinleý rowaýaty Troýa we onuň baý taryhy-medeni mirasyna bagyşlandy.

Baý mazmunly maksatnama gadymy şäherçäniň girişinde ýerleşýän Troýa muzeýine bolan gezelenç bilen başlandy.

Muzeýde 4000 ýyllyk taryhy özünde jemleýän eksponatlar, antik heýkeller, altyn şaý-sepler we ýaraglar interaktiw 3D-tehnologiýalary arkaly sergilenýär.

Muzeýden soň žurnalistler YUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna girizilen gadymy Troýa şäheriniň arheologik meýdançasyny gezdiler.

Soňra wekiliýet agzalary Troýa ruhunda doly rejelenen unikal Tewfikiýe arheo-obasyna (Tevfikiye Arkeo-Village) bardylar.

Žurnalistler bu ýerde taryhy mirasy gorap saklamak hem-de ýerli ilaty syýahatçylyk biznesine çekmek boýunça amala aşyrylan üstünlikli taslama bilen ýakyndan tanyşdylar.

Günün ýatdan çykmajak jemlenmesi bolsa Çanakgala şäheriniň kenarýaka seýilgahynda ýerleşýän, meşhur Golliwud filminiň düşürilişinde ulanylan ägirt ulyTroýa atyny synlamak boldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌