Oýun sanawy


Dünýä çempionatynyň finalynda taryhy şüweleň: Madonna, Şakira we BTS arakesmede çykyş eder
27 Maý. 17:40Halkara futbol federasiýasy (FIFA) futbol taryhynda düýbünden täze bir sahypany açýar. Guramanyň X sosial ulgamyndaky resmi habaryna görä, 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynyň arakesmesinde taryhda ilkinji gezek uly göwrümli Halftime Show (arakesme şüweleňi) guralar. Bu taryhy konsertiň baş ýyldyzlary (hedlaýnerleri) dünýä belli aýdymçylar Madonna, Şakira we Günorta Koreýanyň meşhur BTS topary bolar.
Şüweleňi guramak we oňa çeperçilik taýdan gözegçilik etmek işi «Coldplay» toparynyň solisti Kris Martiniň eline tabşyryldy. Toparyň akkountlarynda konserte gatnaşyjylar çagalaryň söýgülisi bolan «Sezam köçesi» (Sesame Street) tele-şüweleňiniň gahrymanlarynyň gatnaşmagyndaky gyzykly wideo arkaly tanyşdyryldy.
Şeýle hem okanyň


Gyrgyzystanda geçirilen VI Bütindünýä çarwadarlar oýunlary dabaraly ýagdaýda tamamlandy. Dünýäniň 106 ýurdundan 3 müňe golaý türgeniň gatnaşmagynda geçen bu halkara etnosport ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy uly üstünlik gazandy. Biziň pälwanlarymyz bäsleşikleriň netijeleri boýunça 2 altyn, 3 kümüş we 6 bürünç — jemi 11 medal eýeläp, umumy medal sanawynda 7-nji orny eýelediler. Меdal toplamakda birinji orny Gazagystan, ikinji orny Gyrgyzystan, üçünji orny bolsa Russiýa eýeledi.
Milli ýygyndymyzyň türgenleri milli göreş, kuraş, alyş, ssirym, gazak we azerbaýjan göreşleri ýaly ugurlarda tapawutlandylar. Bäsleşikleriň maksatnamasy diňe bir güýç synanyşyklaryny däl, eýsem kök-börü, er-eňiş, guşly aw oýunlary we «otly çapyksuwar» şowusy ýaly täsirli medeni dabaralary hem öz içine aldy. Ýapylyş dabarasynda dron şüweleňi we halkara konsert geçirildi, şeýle hem nobatdaky VII Oýunlary 2028-nji ýylda geçirmek gezegi Russiýanyň Kazan şäherine gowşuryldy.