Oýun sanawy

Gurbanguly Berdimuhamedow hytaýly atşynaslar bilen duşuşdy

19 Mart. 18:08

Çeşme

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň jemleýji gününiň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň agzalary we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy. Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz Hytaýyň halkara atçylyk toplumynyň dolandyryş binasynda guralan sungat eserleriniň sergisini synlady. Bu sergi ahalteke bedewleriniň dünýä medeniýetindäki we sungatyndaky orunlaryny açyp görkezýän täsirli eserlere baý boldy.

Halkara atçylyk toplumyny esaslandyryjy Wan Sziýan duşuşygy açyp, türkmen halkynyň Milli Liderine topluma gelip görendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdi we belent mertebeli myhmana uly hormat bilen söz berdi. Milli Liderimiz öz çykyşynda türkmen we hytaý halklarynyň taryhynda bedew atlaryna aýratyn ornuň degişlidigini, olaryň gadymy döwürlerden bäri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň nyşany bolup hyzmat edýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Hytaýyň Başlygy Si Szinpine "Gadyrly" atly ahalteke bedewiniň sowgat berilmegi baradaky taryhy pursady ýatlap geçdi. Mundan 12 ýyl ozal hem Hytaýyň ýolbaşçysyna "Gahryman" atly bedewiň sowgat berlendigini nygtap, munuň iki döwletiň arasyndaky ýokary derejeli ynamyň we sarsmaz dostlugyň subutnamasydygyny aýtdy. Ahalteke atlarynyň diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmakda gymmatly orny barada giňişleýin durlup geçildi.

Milli Liderimiz atşynaslyk sungatynyň inçe tilsimleri we behişdi bedewleriň gaýtalanmajak aýratynlyklary barada özüniň baý tejribesini paýlaşdy. Çäräniň ahyrynda Hytaýyň atçylyk wekiliýetiniň agzalary bilen ýadygärlik surata düşüldi. Şundan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, Pekiniň "Şoudu" halkara howa menzilinden Türkmenistana ugrady. Bu sapar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze we manyly sahypany açdy.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.