Oýun sanawy


Gurbanguly Berdimuhamedow Amangozel Şagulyýewany 85 ýaş toýy bilen gutlady
12 Awgust. 06:03TDH-niň habar bermegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, halk şahyry Amangozel Şagulyýewa gutlag hatyny iberdi.
Gutlagda milli ösüşleriň we halkara üstünlikleriň ýazyjy-şahyrlar tarapyndan giňden şöhlelendirilýändigi bellenilip, bu ugurda Amangozel Şagulyýewanyň döredijiliginiň aýratyn orna eýedigine üns çekilýär.
Milli Lider şahyranyň eserleriniň köp ýyllardan bäri gündelik metbugatda, telewideniýede we radioda yzygiderli beýan edilýändigini, munuň bolsa oňa halk arasynda uly hormat getirenini aýtdy. Şeýle hem ol şahyranyň döredijiligine bagyşlanan pikirlerini «Durmuşymyzyň manysy» atly kitabynda beýan edendigini nygtady.
Hatda Amangozel Şagulyýewanyň poeziýasynyň Watana bolan belent söýgi, ata-baba däplerine wepalylyk, türkmen zenanlarynyň belent häsiýetleri we nesil terbiýesi ýaly çuň manyly temalara baýdygy bellenilýär.
Şeýle hem şahyranyň 85 ýaş toýunyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň şöhratly 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigi aýdylýar. Türkmen däplerinde 85 ýaş alymlyk, beýiklik we kämilligiň nyşany hökmünde kabul edilýär.
Amangozel Şagulyýewa «Türkmenistanyň Gahrymany», «Türkmenistanyň halk ýazyjysy», Magtymguly adyndaky halkara baýrak we birnäçe döwlet sylaglary bilen sylaglanypdyr.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.