Oýun sanawy


«GTA VI» oýnunyň şahsy kompýuterler üçin wersiýasy 2027-nji ýylyň başynda köpçülige hödürlenip bilner
14 Okt. 12:52«Rockstar Games» kompaniýasy tarapyndan taýýarlanýan köpden bäri garaşylýan «Grand Theft Auto VI» oýnunyň şahsy kompýuterler (ŞK) üçin niýetlenen görnüşiniň 2027-nji ýylyň birinji çärýeginde çykarylmagy meýilleşdirilýär. «GamesBeat» neşiriniň abroýly insaýderlere salgylanyp berýän maglumatlaryna görä, bu wersiýa konsollar üçin bellenilen relizden soň örän gysga wagtyň içinde oýun söýüjilere gowuşar.
Oýnuň «PlayStation 5» we «Xbox Series X/S» ýaly döwrebap konsollardaky resmi relizi 2026-njy ýylyň 19-njy noýabryna meýilleşdirildi. Eger insaýderleriň täze maglumatlary tassyklansa, ŞK wersiýasy geýmerlere öňki taslamalara garanyňda has tiz elýeterli bolar. Meselem, tapgyryň öňki «GTA V» oýny konsollarda 2013-nji ýylyň güýzünde çykan bolsa, onuň kompýuter wersiýasy diňe bir ýyl ýedi aý geçenden soň peýda bolupdy. Hünärmenleriň pikiriçe, studio auditoryýany çalt özüne çekmek we satyş görkezijilerini ýokary saklamak üçin bu gezek relizi tizleşdirmegi makul bilýär.
Kompýuter wersiýasynyň tizräk çykmagyna ulanyjylaryň öz döredýän modlary we rol oýnalýan (RP) serwerleri hem goşmaça itergi berýär. 2023-nji ýylda «Rockstar» kompaniýasy «GTA V» üçin meşhur «FiveM» platformasyny döreden «Cfx.re» toparyny satyn alypdy. Şeýle köpçülikleýin serwerleriň esasan kompýuter amatlylygyna esaslanýandygyny nazara alsaň, täze oýnuň ŞK-da tizräk elýeterli bolmagy kompaniýa üçin strategik ähmiýete eýedir.
Mundan başga-da, ýaýran maglumatlara görä, «GTA VI» oýnunda ilkinji gezek doly derejeli awtosport toplumy peýda bolar. Oýunçylar üçin ýörite awtodromlarda klassiki halka görnüşli ýaryşlaryň, ýolsuz ýerdäki off-roud bäsleşikleriniň, motokrossyň we köçe ýaryşlarynyň hem elýeterli boljakdygyna garaşylýar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.