Oýun sanawy

Wena şäherinde geçirilýän halkara aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyrynyň gatnaşyjylary doly kesgitlendi

16 Maý. 12:56

Çeşme

Awstriýanyň paýtagtynda ýerleşýän «Wiener Stadthalle» döwrebap arena toplumynda guralan iki sany saýlama ýarym final tapgyrlarynyň netijeleri boýunça «Ýewrowideniýe — 2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň finalyna gatnaşmaga hukuk gazanan ähli döwletler we aýdymçylar mälim edildi. Bu iri medeni forum dünýäniň millionlarça tomaşaçylarynyň we medeniýet hünärmenleriniň ünsüni özüne çekýär.

Ýaryşyň meýilnamasyna laýyklykda guralan birinji saýlama tapgyrda 15 sany ýurduň wekilleri özara bäsleşip, olaryň arasyndan iň ýokary ses alan 10 sany professional ýerine ýetiriji aýgytlaýjy tapgyra wekilçilik etmäge ýollama aldy. Birinji tapgyryň netijeleri boýunça Finlýandiýa we Gresiýa ýaly bäsleşigiň esasy faworitleri bilen bir hatarda Ysraýylyň, Moldowanyň, Şwesiýanyň, Horwatiýanyň, Litwanyň, Polşanyň, Serbiýanyň we Belgiýanyň wekilleri öňe saýlandylar.

Ikinji ýarym final tapgyrynda hem ýene-de 15 sany döwletiň sungat ussatlary özara güýç synanyşyp, finalyň soňky on sany ornuny eýelemek ugrunda çykyş etdiler. Halkara ses bermegiň we eminleriň baha bermeginiň netijesinde Ukraina, Awstraliýa, Daniýa, Albaniýa, Bolgariýa, Kipr, Malta, Norwegiýa, Rumyniýa we Çehiýa ýaly ýurtlaryň aýdymçylary ikinji toparyň ýeňijileri bolmagy başardylar.

Bäsleşigiň tassyklanan düzgünnamasyna görä, ýekşenbe gününe geçilýän gije guraljak uly final dabarasynda jemi 25 döwletiň wekilleri baş baýrak ugrunda bäsleşerler. Finalçylaryň hataryna ýarym finallardan saýlanan 20 sany ýeňijiden başga-da, bäsleşigi kabul edýän ýurt hökmünde Awstriýa hem-de halkara aýdym-saz festiwalynyň guramaçylyk binýadyny üpjün edýän esasy döwletler — Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa we Fransiýa göni gatnaşarlar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌