Oýun sanawy


«Zara» markasynyň esaslandyryjysy gozgalmaýan emläk bazarynda dünýä rekordyny goýdy
18 Aprel. 14:15«Inditex» korporasiýasynyň esaslandyryjysy Amansio Ortega dünýäniň iň iri hususy gozgalmaýan emläk eýesi hökmünde ykrar edildi. 90 ýaşly ispan telekeçisiniň eýelik edýän emläkleriniň umumy bahasy 25 milliard dollardan geçdi. Onuň dünýäniň 13 döwletinde 200-den gowrak gymmat bahaly binasy bolup, bu görkeziji ony dünýäniň iň täsirli maýadarlarynyň hataryna goşýar. Bu baradaky maglumatlar halkara ykdysady neşirleriň seljermelerine esaslanýar.
Telekeçi özüniň uzak ýyllara çeken işewürlik ýolunda jemi 216 sany gozgalmaýan emläk obýektini satyn alypdyr. Häzirki wagtda olaryň 206-sy entek hem Orteganyň hususy mülki bolup galýar. Onuň amala aşyran maýa goýumlarynyň umumy möçberi 24 milliard dollara golaýdyr. Orteganyň gozgalmaýan emläk portfeline dünýäniň iň uly şäherleriniň merkezlerindäki täjirçilik binalary, ofis merkezleri we lýuks myhmanhanalar girýär.
Amansio Ortega Ispaniýanyň iň baý adamy diýen adyny hem saklap gelýär. Onuň esasy girdeji çeşmesi bolan «Inditex» kompaniýasy dünýäniň 100-e golaý ýurdunda 5,5 müň sany dükanlar toruna eýelik edýär. Bu toruň düzümine «Zara», «Massimo Dutti», «Bershka», «Stradivarius» we «Oysho» ýaly meşhur brendler girýär. Maýa goýumlaryň bu görnüşi telekeçiniň ykdysady kuwwatyny diňe bir dokma senagatynda däl, eýsem gozgalmaýan emläk bazarynda hem berkidýär.
Hünärmenleriň bellemegine görä, Orteganyň ykdysady strategiýasy durnuklylyga we uzak möhletleýin girdejä esaslanýar. Ol öz girdejilerini yzygiderli görnüşde gymmat bahaly binalara gönükdirip, dünýäniň iň iri emläk goruny döretmegi başardy. Bu görkezijiler dünýä ykdysadyýetinde şahsy maýanyň dolandyrylyşy boýunça iň uly tejribeleriň biri hasaplanýar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Hytaýda geçirilen halkara forumyna gatnaşdylar
09 Sen. 10:34Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen «Migrasiýa gözegçiligi ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça kiçi foruma» gatnaşmak üçin iş saparyny amala aşyrdylar. Gullugyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, forumyň çäklerinde Lýanyan şäherinde Hytaýyň Migrasiýa işleri boýunça müdirliginiň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin yzygiderli duşuşyklaryň täsirini nygtadylar.
Duşuşykda migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, ileri tutulýan ugurlar hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň orny barada pikir alşyldy. Taraflar däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, geljekki bilelikdäki işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.