Oýun sanawy

Financial Times: Towuk eti dünýäde iň köp sarp edilýän et önümi boldy

29 Awgust. 17:24

Çeşme

«Financial Times» neşiriniň maglumatlaryna görä, towuk eti Ýer ýüzünde iň köp sarp edilýän et önümine öwrüldi. 2006-njy ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda towuk etiniň önümçilik göwrümi azyndan 1,5 esse artdy. Eger-de 2006-njy ýylda dünýä boýunça 48,3 milliard towuk ýetişdirilen bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji 76,2 milliarda ýetdi. BMG-niň maglumatlaryna görä, towuk eti eýýäm 2022-nji ýylda önümçilik göwrümi boýunça doňuz etini yza galdyrdy.

Bu et önümine esasy isleg Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde, Amerikada we Ýewropada synlanýar. Dünýä boýunça umumy islegiň üçden bir bölegi bolsa Hytaýa we ABŞ-a düşýär. Towuk etiniň beýle meşhurlyk gazanmagynyň we belogyň esasy çeşmesine öwrülmeginiň birnäçe sebäbi bar:

Ykdysady bähbit we iýmitlendiriş: Towuklary ösdürip ýetişdirmek we iýmitlendirmek arzan hem-de aňsat düşýär.

Köptaraplylyk: Bu et önümi ähli hünär/aşhana Dünýäsine, dürli dinlere we baha segmentlerine doly gabat gelýär.

Bölünip satylmak imkanlygy: Guşy böleklere bölüp, olary isleg ýokary bolan bazarlaryna eksport etmek mümkinçiligi bar (mysal üçin, Günbatarda geçmeýän towuk penjeleri Hytaýda uly islegden peýdalanýar).

Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, geljekde hem towuk etine bolan global isleg yzygiderli artmagyny dowam etdirer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌