Oýun sanawy


Arkadag şäherinde futbol eminleri üçin FIFA-nyň halkara okuw maslahaty geçirildi
07 Awgust. 17:32Arkadag şäherinde futbol eminleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen FIFA-nyň halkara okuw maslahaty geçirildi. Alty günüň dowamynda — 2026-njy ýylyň 30-njy iýulyndan 4-nji awgustyna çenli dowam eden bu okuw treningi täze oýun düzgünlerini öwrenmäge ham-da hünärmenleriň amaly başarnyklaryny kämilleşdirmäge şert döretdi. Okuw maksatnamasy üç esasy ugra: düzgünleriň ulanylyşyny öwrenmäge, eminligiň hilini we tarapgöýsüzligini ýokarlandyrmaga hem-de eminleriň fiziki we taktiki taýýarlygyny ösdürmäge gönükdirildi.
Maksatnamanyň çäklerinde eminler ýöriteleşdirilen fiziki we professional testleri tabşyrdylar hem-de çylşyrymly oýun ýagdaýlarynyň jikme-jik wideoseljermelerine gatnaşdylar. Bu format dawaly we çylşyrymly pursatlarda FIFA-nyň häzirkizaman talaplaryna laýyklykda dogry hem-de çalt çözgüt kabul etmek başarnyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berdi.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar alnan bilimleriň we amaly maslahatlaryň örän peýdaly bolandygyny bellediler. Olaryň nygtamagy boýunça, özleşdirilen täze usullar milli çempionatyň duşuşyklarynda hem-de halkara derejesindäki ýaryşlarda eminligiň durnuklylygyny, hiliň ýokarlandyrylmagyny we adalatlylygy üpjün etmäge uly ýardam eder.
Şeýle hem okanyň


UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär
26 Okt. 11:00UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.
Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.