Oýun sanawy


Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 1941–1945-nji ýyllaryň harby wakalarynda görkezilen gahrymançylyga bagyşlanan tematiki sergi öz işine başlady. «Şöhrat» atly hemişelik şahamçanyň hünärmenleri tarapyndan guralan bu çäre, türkmen esgerleriniň we tylda zähmet çeken watandaşlarymyzyň Beýik Ýeňşe goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandyny dabaralandyrýar.
Serginiň dowamynda taryhyň kyn pursatlaryndan habar berýän gymmatly eksponatlar — esgerleriň şahsy goşlary, harby resminamalar, meýdan hatlary we şol döwrüň durmuş şertlerini janlandyrýan esbaby-enjamlar görkezilýär. Aýratyn-da, harby mowzukda döredilen suratlar we heýkeltaraşlyk eserleri, şeýle hem «Hatyra» kitabynyň neşirleri sergä gelýänlerde taryhy hakydanyň täzelenmegine ýardam edýär.
Taryhy maglumatlara görä, uruş ýyllarynda Daşoguz welaýatyndan 30 müňe golaý adam fronta ugradylyp, olaryň 8 müňden gowragy yzyna dolanyp gelmedi. Bu sergi şol gaýduwsyz gahrymanlaryň ýadygärligini ebedileşdirmek we ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.