Oýun sanawy

Aşgabatda TSTB-niň 18 ýyllygy mynasybetli sergi we halkara forum dowam edýär

17 Mart. 06:35

Çeşme

Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli giň gerimli sergi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum üstünlikli dowam edýär. 17-nji martda başlanan çäreler giň gerimde geçirilip, işewürlik taýdan işjeň ýagdaýda dowam etdirilýär.

 

Sergide türkmen telekeçileriniň we senagatçylarynyň bäsdeşlige ukyply önümleri, häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan taslamalary hem-de eksport mümkinçilikleri giňden görkezilýär. Şeýle hem, bu meýdança täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin möhüm mümkinçilikleri döredýär.

 

Sergi bilen utgaşykly geçirilýän halkara forum maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Onuň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklar we işewür gepleşikler geçirilýär.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow forumyň we serginiň gatnaşyjylaryna gutlag hatyny iberip, hususy pudagyň milli ykdysadyýeti ösdürmekdäki möhüm ornuny aýratyn belledi.

 

«Türkmen telekeçileriniň işjeň maýa goýum başlangyçlary barha rowaçlanyp, olar ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine saldamly goşant goşýarlar» diýlip, döwlet Baştutanynyň gutlagynda bellenilýär.

 

Prezident hususy pudagy ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine we telekeçileriň ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlaryna çekilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellendi.

 

2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen maksatnamalara laýyklykda, jemi içerki önümdäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 72,9 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň telekeçileriniň geljekde hem giň gerimli özgertmelere işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

 

Bu çäreler Türkmenistanyň hususy pudagynyň mümkinçiliklerini giňden görkezýän we onuň halkara giňişlikdäki ornuny pugtalandyrýan möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi

Bugün 08:31

Çeşme

Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.

Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.

Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌