Oýun sanawy

Ýewropada uzaga çeken gurakçylyk sebäpli oba hojalyk önümçiligi çeňňesiz peseldi

19 Awgust. 09:52

Çeşme

Ýewropa yzygiderli yssy we gurak аба-howa şertleri sebäpli soňky ýyllaryň iň agyr hasylsyzlygy bilen ýüzbe-ýüz boldy. «The Guardian» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, Fransiýanyň, Italiýanyň we Ispaniýanyň oba hojalyk öndürijileri galla, gök önüm we süýt önümçiliginde çynlakaý ýitgileriň çekilendigini mälim etdiler.

Ýewropanyň iň iri galla öndürijisi bolan Fransiýada mekgejöwen hasyly 35% peselip, 9 million tonna çenli azaldy. Bu görkeziji 1980-nji ýyldan bäri iň pes netije hökmünde katda alyndy. Şeýle hem ýurtda brokkoli 60%, artişok 50–100%, nohut 40%, salat 35% we kabak önümçiligi 25% azaldy. Mal iýminiň önümçiligi bolsa köpýyllyk ortaça görkezijiden 30% peseldi.

Italiýada gurakçylyk ekin meýdanlarynyň 60%-ine golaýyna zyýan ýetirip, süýt önümçiliginiň 20% azalmagyna getirdi. Ispaniýanyň Kastiliýa we Leon sebitinde galla hasyly 35%, Madridde 49%, Andalusiýada bolsa 24% peseldi. Şeýle hem ýurtda goýun süýdi 6,5%, geçi süýdi 10,8% azaldy, çakyr önümçiliginiň bolsa 2026-njy ýylda 20% aşak düşmegine garaşylýar.

Döwletler oba hojalyk pudagyna goldaw bermek çärelerini yglan etdiler. Fransiýanyň premýer-ministri Sebastýan Lekornýu gaýragoýulmasyz kömek hökmünde 145 million ýewro möçberinde serde bölünip beriljekdigini, şeýle hem 2027-nji ýylyň býujetinde gurluş maýa goýumlarynyň göz öňünde tutuljakdygyny bildirdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌