Oýun sanawy
Euronews Türkmenistanyň şahmat ösüşindäki öňegidişlikleri belledi
Halkara habarlar saýty Euronews, Türkmenistanyň şahmat ugrundaky üstünliklerine bagyşlanan makala çap etdi we ýurduň dünýä derejesindäki ornuny pugtalandyrmak boýunça gazanan möhüm sepgitlerine aýratyn üns berdi.
Makalada bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebit derejesindäki ýaryşlary geçirmeginden halkara derejesindäki tanalma tarap ynamly öňe barýar hem-de şahmat boýunça maksatlaýyn we gurluşly ösüş ulgamyny kemala getirýär. Diňe 2024-nji ýylyň dowamynda FIDE reýtingli 130 ýaryş ýurdumyzda geçirildi. 2025-nji ýylda bolsa ýurdüň ähli sebitlerini öz içine alýan milli Gran-pri tapgyry üstünlikli dowam etdirilýär.
Euronews, ilkinji nobatda, ýaş şahmatçylary goldamak ugrunda alnyp barylýan işlere üns berýär — 6 ýaşdan başlap çagalar türgenleşiklere we ýaryşlara gatnaşmak mümkinçiliklerini alýarlar, şeýle hem halkara bäsleşiklerde çykyş edýärler. Türkmen ýaşlary öz FIDE reýtinglerini yzygiderli ýokarlandyrýarlar, halkara derejeli tälimçileriň gatnaşmagynda okuw lagerleri we onlaýn okuw sapaklary geçirilýär.
Neşirde ýurdumyzyň öňdebaryjy şahmatçylarynyň atlary hem agzalýar — grandmeýsterler Saparmyrat Atabaýew, Mesgen Amanow, Ýusup Atabaýew, şeýle-de FIDE ussady Lala Şohradowa, ol 2025-nji ýylda zenanlaryň arasynda dünýä kubogyna gatnaşan ilkinji türkmenistanly boldy.
Euronews bu üstünlikleriň Türkmenistanyň Şahmat federasiýasynyň goldawy bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn we maksatlaýyn strategiýanyň netijesi bolup durýandygyny belleýär. Bu bolsa Türkmenistany halkara derejesinde mynasyp wekilçilik etjek täze nesil oýunçylaryň kemala gelmegine uly itergi berýär.
Şeýle hem okanyň
Iň köp görülen


Türkmenistanyň «Ahal» futbol kluby Eýranyň Ysfahan şäherine AFC Çempionlar ligasy-2-niň toparlaýyn tapgyrynyň dördünji oýnunda ýerli «Sepahan» toparyna garşy çykyş etmek üçin geldi diýip, klubyň metbugat gullugy habar berýär.
«Bu gün „Ahal“ toparynyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Ysfahan şäherinde „Sepahan“ toparynyň wekilleri tarapyndan mähirli garşylanyldy. Biz garşy alyjy topara hoşniýetli garşylawlary üçin minnetdarlyk bildirýäris» diýlip, beýanatda aýdylýar.
Oýun noýabr aýynyň 4-ne geçiriler, başlanjak wagty — Aşgabat wagty bilen sagat 19:30. Bu toparlar öňem duşuşypdylar — üçünji tapgyrda «Sepahan» 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Şol duşuşyk hem Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFC) karary boýunça Ysfahanda geçirilipdi. Ilkibaşda oýun Arkadag şäherinde geçirilmelidi, emma AFC oýny Eýrana geçirmek baradaky karara geldi.
Iki tapgyrdan soň Iordaniýanyň «Al-Hussein» topary 6 utuk bilen «C» toparçasynda öňdeligi eýeleýär. Olar «Sepahan» (1:0 öýde) we «Ahal» (4:1 myhmanlykda) toparlaryny ýeňdiler. «Sepahan» 3 utuk bilen ikinji ýerde, «Ahal» bolsa entek utuk gazanyp bilmedi.
«Ahalyň» ýagdaýy Hindistanyň «Mohun Bagan» klubunyň bäsleşikden çykarylmagy sebäpli has-da kynlaşdy. Şonuň netijesinde AFC «Ahalyň» Kalkuttada gazanan 1:0 hasabyndaky ýeňşini ýatyrdy. Hindistanly topar «Sepahan» bilen geçiriljek oýna gelmedigi üçin dissiplinar çäre hökmünde ýaryşdan çykaryldy.