Oýun sanawy


Gaz paýlaýyş ulgamynda üýtgetmeler: «Türkmengazüpjünçilik» birleşigi ýatyrylýar
08 Maý. 08:20Türkmenistanyň energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak we dolandyryşy kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň düzümindäki «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň işi bes edilýär. Resmi maglumatlara görä, bu düzüm 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap öz işini doly durzýar. Bu karar pudagyň bäsdeşlik ukybyny artyrmaga we içerki gaz üpjünçiligini has-da durnukly alyp barmaga gönükdirilendir.
Milli metbugatda çap edilen bildirişde bu düzümiň ýatyrylmagy bilen bagly ähli zerur guramaçylyk işleriniň geçirilýändigi bellenilýär. Döwlet konserniniň düzüm birliginiň işiniň bes edilmegi ýurduň ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli reformalaryň bir bölegidir. Şunlukda, pudagyň dolandyryş gurluşyny optimal ýagdaýa getirmek we artykmaç çykdajylary azaltmak göz öňünde tutulýar.
Birleşigiň ýatyrylmagy sebäpli, ähli degişli taraplar, kärhanalar we edara-guramalar bilen hasaplaşyk işlerini tamamlamak barada möhlet bellenildi. Gyzyklanýan taraplardan özara maliýe borçnamalaryny we resminama işlerini şu ýylyň 30-njy iýunyna çenli doly tamamlamak talap edilýär. Bu çäre ýatyrylýan edaranyň maliýe we hukuk jogapkärçiliginiň tertipleşdirilmegini üpjün eder.
«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň ýerine ýetiren wezipeleriniň mundan beýläk haýsy düzümler tarapyndan alnyp baryljakdygy baradaky maglumatlar soňra mälim ediler. Şeýle-de bolsa, bu üýtgetmeleriň ilat we senagat kärhanalary üçin gaz üpjünçiliginiň hiline oňaýly täsir etjekdigi garaşylýar. Pudaklaýyn dolandyryşyň täzeçil usullaryna geçilmegi energiýa serişdelerini ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrar.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.