Oýun sanawy


Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy boş iş orunlaryna kabul edişlik yglan etdi
06 Awgust. 17:13Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy kätip hem-de garawul-tehnik wezipeleri boýunça boş iş orunlaryna dalaşgärleri işe kabul etmek çäresini yglan etdi. Diplomatik wekilhana bellenilen hünär we bilim talaplaryna doly laýyk gelýän Türkmenistanyň raýatlaryny bu bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.
Kätip wezipesine 20 ýaşdan 45 ýaşa çenli bolan, ýokary bilimli hem-de rus, türkmen we hytaý dillerini erkin bilýän Türkmenistanyň raýatlary kabul edilýär. Dalaşgärlerden resmi resminamalary taýýarlamak we terjime etmek, ofis programmalaryny ynamly ulanmak ham-da işewürlik etikasynyň kadalaryny berjaý etmek talap edilýär. Terjimeçi hökmünde zähmet tejribesiniň bolmagy we iňlis dilini bilmek goşmaça artykmaçlyk hökmünde göz öňünde tutular.
Garawul-tehnik wezipesine 40 ýaşa çenli bolan, orta hünär ýa-da tehniki bilimi bar bolan, rus we türkmen dillerinde gepleşýän hem-de adaty tehniki abatlaýyş işlerini ýerine ýetirip bilýän dalaşgärler göz öňünde tutulýar. Degişli ugur boýunça iş tejribesiniň we hytaý dilini bilmegiň goşmaça artykmaçlyk hasaplanýandygy bellenilýär, şeýle hem dalaşgär saýlama tapgyryndan geçeninden soň derrew işe başlamaga taýýar bolmalydyr.
Bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgärler rus ýa-da hytaý dilinde taýýarlanan terjimehalyny, içerki we daşary ýurt pasportlarynyň göçürmelerini, bilim resminamalaryny hem-de bir sany reňkli fotosuraty tabşyrmalydyrlar. Resminamalar chinaemb_tm@mfa.gov.cn elektron poçtasy arkaly ýa-da Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 45-nji öýi salgysy boýunça bukjada kabul edilýär; deslapky seljermeden geçen dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylyp, üstünlikli geçen hünärmen bilen 3 aýlyk synag möhleti bolan zähmet şertnamasy baglaşylar.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.