Oýun sanawy


R.Meredow we Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjy ara alyp maslahatlaşdylar
27 Maý. 12:3126-njy maýda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda duşuşyk geçirildi. Ministr R.Meredow BMG-niň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlamalaryny ýetirdi. Taraplar ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp masлахatlaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda şu ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly täze kararnama aýratyn üns berildi. Baş sekretar bu resminamanyň örän wagtynda kabul edilendigini nygtap, hemişelik bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürmekde we jedelleriň öňüni almakda görkezýän liderligi üçin Türkmenistana aýratyn minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň iň möhüm bölekleriniň biri hem Türkmenistanyň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjynyň maslahatlaşylmagy boldy. BMG-niň howandarlygynda şeýle taryhy okuw mekdebiniň açylmagynyň ýaş nesilleriň arasynda parahatçylyk medeniýetini kemala getirmekde we ählumumy dialogy berkitmekde uly itergi boljakdygy bellenildi. Şeýle-de, taraplar Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak hem-de Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek baradaky tekliplerini durmuşa geçirmegiň ugurlaryny gözden geçirdiler.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.