Oýun sanawy


Duşenbe şäherinde «Çodari haýel» VIII Halkara gurjak festiwaly geçiriler
14 Sen. 06:44Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde 21–26-njy oktýabr aralygynda gurjak teatrlarynyň «Çodari haýel» atly VIII Halkara festiwaly geçiriler. Bu döredijilik çäresi Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygyna gabatlanyp guralýar. Bu barada Duşenbe şäheriniň Döwlet Respublikan gurjak teatryna salgylanyp «Howar» milli maglumat agentligi habar berdi.
Täjigistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Ýurduň Döwlet Respublikan gurjak teatry tarapyndan guralýan bu festiwal gurjak sungaty boýunça halkara hyzmatdaşlygyny berkitmegi, täjik halkynyň gadymy teatr däplerini dikeltmegi we ösdürmegi maksat edinýär. Şeýle-de çäre ösüp gelýän ýaş nesliň estetiki terbiýesini we medeni gözýetimini giňeltmäge uly goşant goşar.
Halkara festiwala gatnaşmak üçin Türkmenistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Belarusdan, Hytaýdan, Hindistandan we Mongoliýadan öňdebaryjy teatr toparlary çagyryldy. Ýatladyp geçsek, «Çodari haýel» festiwaly Täjigistanda 2007-nji ýyldan bäri iki ýyldan bir gezek geçirilip gelinýär.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.