Oýun sanawy


Demografik durnuklylyk: Aşgabatda Türkmenistanyň 2050-nji ýyla çenli ösüş mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
01 Awgust. 10:332026-njy ýylyň 27–29-njy iýuly aralygynda Aşgabatdaky BMG-niň binasynda Türkmenistanyň Demografik durnuklylyk boýunça milli strategiýasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen iş maslahaty geçirildi. Bu çäre BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan 2026–2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.
Maslahata ýurduň Bilim ministrliginiň, Döwlet statistika komitetiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de Ykdysatçylar birleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.
Üç günüň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň ilatynyň 2050-nji ýyla çenli ösüşi boýunça taýýarlanan meýilnamalaýyn çaklamalar bilen tanşyp, häzirki demografik ýagdaýy seljerdiler. Söhbetdeşlikde adam maýasyny ösdürmek, ýaşlaryň we zenanlaryň ykdysady süreçlere gatnaşygyny ýokarlandyrmak hem-de bu üýtgeşmeleriň zähmet bazaryna we bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna ýetirýän täsiri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG-niň Ilat gaznasynyň halkara geňeşçisi Ýelena Zotowanyň alyp baran maslahatynyň jemleri boýunça Demografik durnuklylyk boýunça milli strategiýanyň taslamasynyň esasy düzgünleri we pudagara utgaşdyryjy mehanizmleri ylalaşyldy. Şeýle hem resminamany kämilleşdirmek boýunça indiki ýerine ýetirilmeli çäreler kesgitlenildi.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.