Oýun sanawy

2027-nji ýylda Berlin kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

27 Mart. 17:45

Çeşme

77-nji Berlin halkara kinofestiwalynyň (Berlinale) geçiriljek wagty resmi taýdan belli boldy. Kinematografiýa dünýäsiniň iň möhüm çäreleriniň biri hasaplanýan bu festiwal 2027-nji ýylyň 10-21-nji fewraly aralygynda Germaniýanyň paýtagtynda geçiriler. Festiwalyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bu gezekki çäre özüniň guralyş tertibi we täze goşundylary bilen ozalky ýyllardan birneme tapawutlanar.

Guraljak dabaranyň açylyşy adaty bolşy ýaly penşenbe güni däl-de, eýsem bir gün öň — çarşenbe güni bolar. Bu üýtgeşme festiwalyň iş tertibini has-da giňeltmäge mümkinçilik berer. Kinofestiwalyň iň garaşylýan pursady bolan ýeňijileri sylaglamak we "Altyn aýy" baýragyny gowşurmak dabarasy bolsa 19-njy fewralda geçiriler. Şeýlelikde, festiwalyň esasy bäsleşik bölümi on günüň dowamynda dowam eder.

Festiwalyň direktory Trişa Tattlyň bellemegine görä, 2027-nji ýylyň programmasyna goşmaça iki gün (20 we 21-nji fewral) goşuldy. Bu günler "Berlinale Publikumstage" ýa-da "Tomaşaçylar günleri" hökmünde yglan edildi. Bu täzeçillik kino muşdaklaryna festiwalyň programmasyndaky ähli filmlere doly derejede tomaşa etmäge we kinematografiýaçylar bilen duşuşmaga giň mümkinçilik döreder.

Şeýle hem, festiwalyň çäklerinde geçirilýän Ýewropa kinobazary (EFM) öz wagtyny giňeltdi. Kino pudagynyň hünärmenleri üçin niýetlenen bu platforma 2027-nji ýylda 9-16-njy fewral aralygynda işlär. Ýatlap geçsek, geçen Berlinale "Sary harplar" atly türk dramasynyň ýeňşi bilen tamamlanypdy. 77-nji festiwalyň emin agzalarynyň düzümi we gatnaşjak filmleriň sanawy bolsa çäräniň başlanmagyna golaý wagtda mälim ediler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌