Oýun sanawy


Hytaý Halk Respublikasy özüniň kosmos maksatnamasynyň çäklerinde «Ýaogan-50 02» atly täze ylmy-barlag hemrasyny orbita üstünlikli ýerleşdirdi. Bu uçuş ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Taýýuan kosmodromyndan amala aşyrylyp, «Çançžen-6A» kysymly raketa göterijisiniň kömegi bilen ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda kosmos enjamy bellenen aralyga çykyp, meýilnamalaýyn işlerine girişdi.
Täze goýberilen hemra Ýer ýüzüne uzak aralykdan gözegçilik etmek üçin niýetlenendir. Ol esasan raýat maksatlaryna hyzmat edip, ýerleriň topografiki gurluşyny öwrenmekde we oba hojalyk ekinleriniň ýagdaýyna monitoring geçirmekde ulanylar. Şeýle-de, bu enjam tebigy hadysalaryň we betbagtçylyklaryň öňüni almakda hem-de olaryň netijelerini çalt gullyklara habar bermekde möhüm orun eýeleýär.
Bu taslama Hytaýyň aerokosmos ylmy we tehnika korporasiýasynyň (CASC) öňdebaryjy hünärmenleri tarapyndan işlenip düzüldi. Hemra ýokary takyklykda surata düşürmek we maglumatlary işlemek ukybyna eýedir. Hytaýly alymlaryň pikiriçe, «Ýaogan» ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin zerur bolan takyk ylmy maglumatlaryň alynyşyny tizleşdirer.
Tehniki häsiýetnamasy boýunça «Çançžen-6A» raketasy döwrebap iki basgançakly gurluşa eýe bolup, ol uly göwrümli ýükleri Gün-sinhron orbitasyna çykarmaga ukyplydyr. Uzynlygy 50 metre ýetýän bu raketa özüniň ygtybarlylygy we kuwwatlylygy bilen tapawutlanýar. Bu uçuş Hytaýyň älem giňişligini öwrenmek we global monitoring ulgamyny giňeltmek baradaky strategiýasynyň nobatdaky möhüm ädimidir.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.