Oýun sanawy

Türkmenistanyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa bilermenler forumy Daşkentde başlandy

16 Awgust. 13:54

Çeşme

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde VIII Merkezi Aziýa bilermenler forumy öz işine başlady. Forum sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilip, oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňdebaryjy ylmy we strategik barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşýar. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar ylmy merkezi hem gatnaşýar.

Forumyň ilkinji mejlisinde «Täze Merkezi Aziýa: sebitleýin hyzmatdaşlygyň binýadyny kämilleşdirmek» atly mowzukda çykyş eden türkmen bilermeni Bekdurdy Amansaryýew häzirki döwürde Merkezi Aziýanyň diňe geografik sebit däl-de, eýsem syýasy gepleşikleriň, ykdysady integrasiýanyň we ynsanperwer gatnaşyklaryň giňýän giňişligine öwrülýändigini belledi.

Ol çykyşynda Türkmenistanyň sebitiň ösüşine goşandyny ýetirýän esasy ugurlary — parahatçylyk we howpsuzlyk, ulag-logistika birikmeleri, energetika, suw we ekologiýa meseleleri, şeýle-de ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada giňişleýin durup geçdi.

Bekdurdy Amansaryýew Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň izolýasiýa däl-de, parahatçylyk döredijilik başlangyçlary üçin binýatdygyny aýtdy. Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň doganlyk ýurtlary bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de adalatly we durnukly sebitleýin integrasiýa modeliniň kemala gelmegine işjeň goşant goşýandygyny nygtady.

















Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Emomali Rahmona gutlag hatyny ýollady

09 Sen. 06:24

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we doganlyk täjik halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «TDH» gullugynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz öz hatynda Täjigistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn belledi.

Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hamana Emomali Rahmona berk jan saglygy we bagtyýarlyk, Täjigistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de ösüş arzuw etdi. Ýatladyp geçsek, Täjigistan Respublikasy her ýylyň 9-njy sentýabrynda öz Döwlet garaşsyzlygy gününi dabaraly bellenip geçýär.