Oýun sanawy


Azat Ataýew: Bilim alýanlar üçin peýdaly kontentleri köpeltmeli
29 Awgust. 11:53Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen «Bilim üçin Durnukly Ösüşiň Maksatlaryna ýetmekde emeli aňyň mümkinçilikleri» atly ylmy-amaly maslahatda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew çykyş etdi. Ol maslahatyň umumy meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde birnäçe pikirleri we teklipleri beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, gün-günden ösýän we kämilleşýän sanly dünýäniň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak üçin sanly şahsy platformalary işjeň ösdürmek wajyp bolup durýar. Mundan başga-da emeli aňyň peýdaly gurallaryny kämilleşdirmek we umumylaşdyrmak bu maksatlara ýetmekde esasy ädimlerdir.
Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilim ulgamynda emeli aňyň we sanly tehnologiyalaryň mümkinçiliklerini peýdalanmak isleýänler üçin täze we peýdaly sanly kontentleri döretmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda amala aşyrylmaly işler barada durup geçdi.
Ýeri gelende bellesek: bu möhüm halkara ylmy-amaly maslahaty Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary instituty bilen bilelikde guralyp, ol emeli aňyň mümkinçilikleriniň milli we halkara derejede bilim ulgamyna ornaşdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşmaklygy, bu ugurdaky dünýä tejribesi bilen paýlaşmaklygy hem-de täze çözgütleri öňe sürmekligi maksat edinýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistandaly mekdep okuwçylary mental arifmetika boýunça dünýä çempionatynda uly üstünlik gazandylar
10 Sen. 11:395-7-nji sentýabr aralygynda Germaniýanyň Bilefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty (Junior Mental Calculation World Championship 2026) geçirildi. Bu abraýly halkara bäsleşige Hytaý, Ýaponiýa, Germaniýa we Fransiýa ýaly dünýäniň 14 döwletinden 100-den gowrak iň zehinli okuwçylar gatnaşyp, iki sagadyň dowamynda çylşyrymly matematiki amallary diňe ýatdan çözmek boýunça bäsleşdiler.
Ýurt boýunça geçirilen saýlama tapgyrdan üstünlikli geçip, bäsleşige kabul edilen 12 sany türkmen okuwçysy halkara synagda ýokary netijeleri görkezdiler. Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy hamana «Kämil Bilim» okuw merkeziniň uçurymy Mekan Nurgeldiýew Junior-1 kategoriýasynda 2477 bal toplap, dünýä boýunça 3-nji orny eýeledi. Şeýle hem ýurdumyzyň mental arifmetika boýunça milli rekordçysy Liwanur Berdiýewa Senior kategoriýasynda iň gowy 8 gatnaşyjynyň hataryna girdi.
Türkmenistanyň ýygyndy toparyna «Kämil bilim» merkeziniň mugallymlary Jahan Durdymämmedowa we Halym Annagurbanow ýolbaşçylyk etdiler. Türkmen okuwçylarynyň bu halkara ýaryşda eýeleýän ýokary orunlary eýýäm däp öwrülip, olar geçen ýyl hem iň gowy onlugyň hataryna girmegi başarypdyrlar.