Oýun sanawy

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler

06 Iýun. 08:34

Çeşme

Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde dowam edýän Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli Kärdeşler arkalaşyklarynyň merkezleriniň ýolbaşçylarynyň Halkara zähmet guramasynyň Zähmetkeşleriň işi boýunça býurosynyň (ACTRAV) wekilleri bilen netijeli duşuşygy guraldy. Sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen bu çärä sebitiň goňşy we dostlukly döwletleri bolan Azerbaýjanyň hem-de Mongoliýanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň meýilnamasyna girizilen halkara çäreleriň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatlaşmalaryň netijesinde, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň başlyklarynyň duşuşygyny hem-de degişli ylmy-amaly maslahatyny şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek bellenildi. Bu uly taslama 2026-2027-nji ýyllara durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, şu ýylyň maý aýynda gol çekilen Sebitleýin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyry bolar. Wezipeleriň hatarynda jemgyýetçilik dialogyny berkitmek we zähmetkeşleriň hukuklaryny goramakda sebit guramalarynyň arabaglanyşygyny giňeltmek bellenildi.

Mundan başga-da, Ženewadaky halkara duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa bilen Gazagystan Respublikasynyň Kärdeşler arkalaşyklary Federasiýasynyň başlygy Satybaldy Dauletaly wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Duşuşykda iki goňşy ýurduň guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy täze hile götermek, durmuş hyzmatdaşlygyny durnukly alyp barmak we tejribe alyşmak meseleleri seljerildi.

Gazagystanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gatnaşyklary resmi taýdan berkitmek we Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň milli Kärdeşler arkalaşyklary merkezleriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek maksady bilen, O.Berdiliýewany Gazagystan Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Şeýle hem, türkmen wekillerine Almaty şäherinde guraljak sebitleýin Kärdeşler arkalaşyklary maslahatyna gatnaşmak üçin ýörite çakylyk gowşuryldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçisi türkmen metbugat wekilleri bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy

24 Okt. 13:04

Çeşme

2026-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Şener Jebeji Ilçihananyň resmi rezidensiýasynda türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen tanyşlyk ertirlik naharyny gurady. Duşuşyk dostlukly we işjeň ýagdaýda geçirilip, iki ýurduň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer baglanyşyklary hem-de syýahatçylyk ugry boýunça gazanylan sepgitleri jemlemäge we täze bilelikdäki taslamalary maslahatlaşmaga giň mümkinçilik döretdi.

Dostlukly duşuşygyň dowamynda Ilçi Şener Jebeji metbugatyň ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky köprüleri berkidýän hem-de dostlukly gatnaşyklary geljege ugrukdyrýan iň güýçli sütünleriň biridigini aýratyn belledi. Şol bir wagtda ol TRT-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işleriniň we «TRT Awaz» teleýaýlymynyň bütin türki dünýäsine ugrukdyrylan alyp berişleriniň bu ugurda nusgaly mysaldygyny nygtady. Ilçi Türkmenistanyň döwlet we hususy habar beriş serişdeleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmäge açykdyklaryny beýan etdi.

Duşuşykda soňky döwürde Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Türkiýe Respublikasynda guralan netijeli saparlar we kabul ediş maksatnamalary barada giňişleýin maglumat berildi. Hususan-da, 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabry – 4-nji oktýabry aralygynda Türkiýäni Ösdürmek Agentligi (TGA) tarapyndan Gaziantepde we Şanlyurfada türkmenistanly iki žurnalist kabul edildi. Olar 30-njy sentýabr – 4-nji oktýabr aralygynda Şanlyurfa howa menzilinde geçirilen «TEKNOFEST» awiasiýa, kosmos we tehnologiýalar halkara festiwalynyň çärelerine ýakyndan gatnaşdylar.

Mundan başga-da, TGA hem-de «Türk howa ýollary» (THY) kompaniýasynyň Aşgabat wekilhanasynyň hyzmatdaşlygynda, Türkiýäniň Ilçihanasynyň goldamagynda 2026-njy ýylyň 10–14-nji oktýabry aralygynda 11 adamdan ibarat türkmen wekiliýeti (10 metbugat wekili we ýerli işgär) Çanakkale we Balykesir welaýatlaryna sapar etdi. Žurnalistler saparyň çäklerinde Zeýtun ýagy muzeýinde, Kaz daglarynda, Assos hem-da Troýa gadymy şäherlerinde, Troýa muzeýinde, Gelibolu taryhy zolagynda we Çanakkala şehitleriniň ýadygärliginde bolup, sebitiň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdylar. Umumylykda, 2023–2026-njy ýyllarda geçirilen 14 sany kabul ediş maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistandan jemi 84 adam Türkiýäniň dürli sebitlerinde myhmançylykda boldy.

Iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk ugry bоýunça görkezijiler hem çalt depginler bilen artýar. Maglumatlara görä, 2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda Türkmenistandan Türkiýä gelen myhmanlaryň sany 151 887 adama ýetip, bu görkeziji 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,46 göterim artdy. Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy hem global derejede uly üstünlikleri gazanýar: 2017-nji ýylda dünýäde iň köp syýahatçy kabul eden ýurtlaryň arasynda 8-nji orunda duran Türkiýe 2024-nji ýylda 4-nji orna geçdi. Ýurt 2025-nji ýylda 64 million myhmany kabul edip, 65,2 milliard dollar girdeji bilen rekord goýan bolsa, 2026-njy ýylda 68 milliard dollar girdejä ýetmegi maksat edinýär.

Duşuşygyň soňunda Ilçi Şener Jebeji bu tanyşlyk ertirlik naharynyň geçirilen saparlary jemlemek we geljekde bilelikde ädilip bilinjek täze ädimleri maslahatlaşmak üçin örän gymmatly mümkinçilik bolandygyny tassyklady. Ol Ilçihananyň metbugat wekillerinden gelip gowuşjak ähli hyzmatdaşlyk tekliplerini seljermäge taýýardygyy hem-da bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakdan razy boljakdygyny bilidirdi.

Şeýle hem diplomatik wekilçiligiň ýolbaşçysy Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary täze ýokary derejä çykarjak möhüm ýokary derejeli sammitlere we ýubileý çärelerine yzygiderli taýýarlyk görülýändigini belledi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň berk syýasy erk-islegine daýanyp, Ilçihana ikitaraplaýyn birleşikde we iki doganlyk halkyň bähbidine hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek ugrundaky işlerini durnukly dowam etdirer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌