Oýun sanawy


Aşgabatda ilkinji gezek orkestriň janly sazyny we DJ-seti birleşdirýän konsert geçiriler
11 Awgust. 15:4715-nji sentýabrda paýtagtymyzda saz sungatynda täze sahypany açjak özboluşly şüweleň geçiriler. «SHAMMÉYA Event Architecture» guramasy tarapyndan hödürlenýän bu täzeçil taslama janly orkestr çykyşyny elektron ritmler bilen utgaşdyrar.
Konsert sagat 19:00-da «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde başlanar. Agşamky maksatnamada dürli nesillere tanyş bolan meşhur kompozisiýalar täzeçe öwüşginde ýaňlanar.
Guramaçylaryň bellemegine görä, bu çäräniň esasy maksady dürli ýaşdaky diňleýjileriň saz medaniýetini birleşdirmekden hem-de Aşgabatly sazsöýüjilere dörebap formaty hödürlemekden ybaratdyr.
Petekler boýunça habarlaşmak üçin: +99365035320.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.