Oýun sanawy

Ermenistanyň ilçisi türkmen-ermeni taryhy-medeni mirasyny gorap saklamagyň ähmiýetini nygtady

22 Sen. 10:27

Çeşme

Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçisi Arsen Awagýan Aşgabatda geçirilen dabaraly çärede iki halky Baglanyşdyrýan umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamagyň zerurlygyny belledi. Diplomat Argawand obasyndaky XV asyra degişli Garagoýunly türkmen emirleriniň mawzoleýini we Türkmenbaşy şäherindäki 1905-nji ýylyň ermeni ybadathanasyny bilelikdäki taryhy hormatyň aýdyň mysallary hökmünde görkezdi. Halkara diplomatiýasy hamana medeni-ynsanperwer gatnaşyklar baradaky giňişleýin habarlar «Turkmen Expo» kompaniýasynyň habar gullugy tarapyndan giňden şöhlelendirilýär.

Ermenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen çärä Türkmenistanyň Hökümet agzalary, diplomatik korpusyň we jemgyýetçilik toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärede ikitaraplaýyn Medeniýet günleriniň we bilelikdäki taslamalaryň halklaryň ýakynlaşmagyndaky uly orny barada hem bellenilip geçildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌