Oýun sanawy

Apple 2028-nji ýylyň ahyryna çenli 10-dan gowrak täze iPhone modelini hödürlär

07 Sen. 15:54

Çeşme

«Bloomberg» agentliginiň maglumatlaryna görä, Apple kompaniýasy ýakyn üç ýylyň dowamynda smartfonlaryň 10-dan gowrak täze modelini bazara çykarmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa eýýäm şu hepde mehaniki diafragmaly kameraly iPhone 18 Pro/Pro Max modellerini we özüniň ilkinji eplenýän 2000 dollarlyk iPhone Ultra smartfonyny hödürlär. 2027-nji ýyldan başlap bolsa Apple täze önümlerini diňe sentýabr aýynda däl-de, ýylyň dürli döwürlerinde köpçülige ýetirmek tejribesine geçer.

Kompaniýanyň geljekki meýilnamalarynda 2027-nji ýylda elýeterli iPhone 18/18e, inçe dizaýnly iPhone Air 2, ýubileý nesilli täzelenen Pro modelleri we eplenýän smartfonyň ikinji neslini çykarmak göz öňünde tutulýar. 2028-nji ýylda bolsa çeýe displeýi has ulaldylan iri eplenýän iPhone bilen birlikde beýleki adaty modelleriň hem nobatdakylary tanyşdyrylar.

















Resmi Apple dükanynda öňki nesil iPhone modelleriniň bahalary ýokarlandy

10 Sen. 15:35

Çeşme

Apple kompaniýasy täze iPhone 18 Pro we iPhone Duo modellerini tanyşdyrandan soňra, özüniň resmi onlaýn-dükanynda öňki nesil smartfonlarynyň bahalaryny täzeledi. Dünýä bazarynda täze flagmanlaryň 100 dollar gymmatlamagy sebäpli, öň çykarylan smartfonlaryň bahalary hem deň derejede ýokarlandyryldy.

Täzelenen nyrhlara görä, iPhone 17e modeliniň bahasy 699 dollara, iPhone 16 bosa 799 dollara ýetdi. Şeýle hem iPhone 17 smartfony 899 dollardan, iPhone Air modeli bolsa 1099 dollardan satlyga hödürlenip başlandy. Adatça bolşy ýaly, kompaniýa öňki flagmanlary bolan iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max modellerini resmi dükandan aýyrdy.

Nyrhlaryň bu görnüşde ýokarlanmagy barada bilermenler hem-de Apple kompaniýasynyň öňki ýolbaşçysy Tim Kuk tarapyndan öňümizdäki aýlarda duýdurylypdy. Elektronika önümleriniň gymmatlamagyna emeli aň maglumat merkezleriniň artýan zerurlyklary sebäpli dörän ýat çipleriniň ýetmezçiligi esasy sebäp hökmünde görkezilýär.