Oýun sanawy


Müsürde Ortaýer deňziniň düýbünden gadymy şäheriň heýkelleri çykaryldy
23 Awgust. 08:30Aleksandriýa şäherinde alymlar Ortaýer deňziniň düýbünden gadymy heýkelleri we beýleki taryhy gymmatlyklary çykardylar. Bu tapyndylar gülläp ösen Tonis-Geraklion şäheriniň taryhyny öwrenmäge hem-de onuň birdenkä pese düşmegine düşünmäge mümkinçilik berýär diýip, «tagesschau.de» portaly gürrüň berýär. Müsüriň Gadymylyklar boýunça ýokary geňeşiniň başlygy Mohamed Ismail Halediň sözlerine görä, bu 2001-nji ýyldan bäri Tonis-Geraklion şäheriniň eteklerini öwrenmek boýunça taslamanyň çäklerindäki ilkinji üstünlikdir. Tapyndylaryň arasynda boýy 2,17 metr bolan başsyz we aýaksyz granit heýkel hem bar. Ýygnalan görnüşde onuň boýy bäş metre ýetýär. Arheologlar şeýle hem gadymy gäminiň galyndylaryny tapdylar. Hünärmenleriň pikiriçe, sebit Ptolomeýler eýýamynda Aleksandriýa şäheri esaslandyrylýança ýa-da Aleksandr Makedoniýalynyň döwründen tä rim döwrüne çenli gülläp ösüpdir. 1900-njy ýyllarda üsti açylan şäher biziň eýýamymyza çenli ikinji asyrda ýertitreme netijesinde ýumrulyp suwa gark bolupdyr. Tonis-Geraklion şäheri 331-nji ýylda Aleksandriýa şäheri gurulýança, Müsüriň deňiz söwdasynda wajyp orny eýeläpdir.
Şeýle hem okanyň


Bangladeşde gyzamyk we denge keselleriniň ýaýramagy sebäpli saglygy goraýyş ulgamy kynçylyklara duş gelýär
10 Sen. 09:46Bangladeşde ýurduň taryhynda iň uly gyzamyk epidemiýasy hasaba alnyp, keselhanalaryň näsaglardan dolmagy netijesinde saglygy goraýyş ulgamy agyr kynçylyklary başdan geçirýär. ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň hamana Bangladeşiň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp «Reuters» gullugynyň habar berşi ýaly, 2026-njy ýylyň mart aýyndan bäri bu kesel sebäpli 999 ölüm hadysasy we 166 müňden gowrak şübheli näsag ýüze çykaryldy. Kesellänleriň agramly bölegini bäş ýaşa çenli çagalar düzýär.
Ýurtdaky saglygy goraýyş ýagdaýyny denge gyzzyrmasynyň hem birden ýaýramagy has-da kynlaşdyrýar. Ýylyň başyndan bäri denge keseli sebäpli 45 müňden gowrak adam hassahana ýerleşdirilip, bir günüň dowamynda keselhana düşýänleriň sany iň ýokary görkezijä ýetdi. Şunlukda, keselhanalarda orunlaryň, dermanlaryň hem-de çagalar üçin niýetlenen fiziologik erginleriň ýetmezçiligi ý кур çykdy.
Epidemiýanyň şeýle giň gerim almagyna 2024-2025-nji ýyllarda syýasy çökgünlik sebäpli meýilnamalaýyn sanjym işleriniň bökdelemegi hem-de wagtlaýyn hökümetiň milli sanjym kampaniýalaryny ýatyrlyp, derman satyn alyş ulgamyny üýtgetmegi sebäp boldy.