Oýun sanawy

Girman bagşynyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan dabara geçirildi

24 Iýul. 05:53

Çeşme

Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ham-da Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Girman bagşy Ýagşysähet oglunyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan şanly dabara geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

1906-njy ýylda Tejen etrabynyň Amanşagapan obasynda eneden bolan Orazsähet (Girman) bagşy saza we aýdyma bolan ilkinji höwesini kakasy Ýagşysähetden, soňra bolsa meşhur Annaesen bagşydan alypdyr. Ýatlama dabarasynda bagşynyň agtyk-çowluklary we belli sazandalar tarapyndan «Düşmüş», «Mert bolmaz», «Şelepli durna», «Gürjiniň» we «Aýlanar sen» ýaly halk aýdymlary belentden ýaňlandyrylsa, maşgala agzalarynyň çykyşlary dabra aýratyn mähirlilik goşdy.

















Türkmenistanyň paýtagtynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça halkara okuw çäresi açyldy

08 Sen. 18:39

Çeşme

Aşgabatda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» diýlip atlandyrylan 11-nji Halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ýurduň Daşary işler ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň hem-de Halkara okean institutynyň bilelikde guramagynda geçirilýän bu çäre 18-nji sentýabra çenli dowam eder. Аçylyş dabarasynda BMG-niň we beýleki öňdebaryjy halkara guramalaryň wekilleri çykyş edip, Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyna, suwuň çekilmeginiň sebäplerine we deňiz hukugyna aýratyn üns berilýändigini nygtadylar.

2013-nji ýyldan bäri geçirilýän bu bilim maksatnamasynyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlardan hem-de Hytaýdan 175 sany hünärmen öz hünär taýýarlygyny ýokarlandyrdy. Şeýle hem maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň деми bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň möhüm ähmiýeti barada pikir alşyldy.