Oýun sanawy


Türkmenistanyň futbol kluby «Altyn Asyr» 2025/26-njy möwsüm üçin Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) Çagyryş ligasynyň toparlaýyn tapgyryndaky garşydaşlaryny kesgitledi. 2025-nji ýylyň 28-nji awgustynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişligiň netijesinde, «Altyn Asyr» günbatar zonalynyň «A» toparyna düşdi. Bu toparda onuň garşydaşlary hökmünde Butanyň «Paro», Omanyň «Al-Şabab» we Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» klublary çykyş eder.
Topar duşuşyklary 2025-nji ýylyň 25 — 31-nji oktýabry aralygynda Butanda merkezi görnüşde geçiriler.
Düzgünnama laýyklykda, günbatar zonalardan her toparyň ýeňijileri we ikinji orny alan iň gowy bir topar çärýek finala çykar. Gündogar zona boýunça bolsa her topardan iň gowy iki klub indiki tapgyra geçmäge mümkinçilik alar.
Play-off tapgyryndaky oýunlar öýde we myhmançylykda geçiriler. Çärýek final duşuşyklary 2026-njy ýylyň mart aýynda, ýarym final aprelde, final duşuşygy bolsa 9-njy maýda geçiriler.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.