Oýun sanawy


Albaniýa döwlet dolandyryşynda emeli intellekt esasynda döredilen ilkinji sanly ministri işe belläp, ony döwlet satyn almalaryna gözegçilik etmek bilen görevlendirdi. Täze wirtual ministriň ady Diella bolup, ol "Gün" diýmegi aňladýar. Bu barada MIR24 habar berýär.
2025-nji ýylyň başyndan bäri Diella döwlet hyzmatlarynyň sanly platformasynda raýatlara hyzmat edip gelýärdi. Indi bolsa, Premýer-ministr Edi Rama ony resmi ýagdaýda döwlet satyn almalaryna jogapkär eden hökümet işgärleriniň hataryna goşdy.
Premýer-ministriň bellemegine görä, bu ädim döwlet bäsleşiklerinde korrupsiýany ýok etmek üçin atylan möhüm ädimdir. Geljekde ýeňiji kompaniýalary saýlamak işi dolulygyna emeli intellekt ulgamyna geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Diella her bir döwlet bäsleşigini derňäp, hödürlenen teklipleriň adalatly bahalandyrylmagyna jogapkär bolar. The Guardian-yň ýazmagyna görä, bu çemeleşme çykdajylarda aç-açanlygy üpjün eder we adamyň täsirini aradan aýrar.
Şeýle hem okanyň


Aýlag ýurtlarynyň alty çäginde ýeke-täk syýahatçylyk wizasy girizilýär
09 Sen. 08:44Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine (GCC) girýän alty ýurt — Bahreýn, Kuweýt, Oman, Saud Arabystany, BAE we Katar daşary ýurtly syýahatçylar üçin birmeňzeş «GCC Grand Tourist Visa» ulgamyny çykarmaga taýýarlanýarlar. «Khaleej Times» neşiriniň habar berşi ýaly, täze wiza resminamasy syýahatçylara sebitiň ähli döwletlerine aýratyn wiza almazdan päsgelsiz girmäge mümkinçilik döreder.
Synag tapgyrynyň 2026-njy ýylyň soňky çärýeginde başlamagyna garaşylýan bu elektron wizanyň möhleti 30 günden 90 güne çenli bolup, bahasynyň 100–150 dollar aralygynda boljakdygy bellenilýär. Köpçülikleýin habar serişdelerinde «Arap Şengeni» diýlip hem atlandyrylýan bu taslama Aýlag sebitinde syýahatçylygy ösdürmekde hem-de döwletara hyzmatdaşlygy berkitmekde uly ädim bolar.