Oýun sanawy

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň garaýyşlary beýan edildi

25 Iýul. 06:01

Çeşme

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Wepa Hajiýew BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň binýady hökmünde tebigy serişdeleri dolandyrmak» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynda çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

22-nji iýulda geçirilen mejlisde hemişelik wekil Türkmenistanyň tebigy serişdeleri jogapkärçilikli, adalatly we özara bähbitli esasda dolandyrmagyň tarapdarydygyny, olara durnukly ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm şerti hökmünde garaýandygyny belledi. Çykyşda öňüni alyş diplomatiýasy, energetika hem-de ulag arabaglanyşygy, suw howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden 32 Kararnamasy barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň 2031–2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärlik edýändigi we bu ugurda halkara parahatçylygyna we durnuklylygyna işjeň goşant goşmaga taýýardygy nygtaldy.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.