Oýun sanawy

15 Sen. 10:40

Türkmenistanyñ jiu-jitsu ýygyndysy Afinada geçirilen çempionatda 38 medal gazandy

Çeşme

Türkmenistanyñ milli jiu-jitsu ýygyndysy 2025-nji ýylyň 11–14-nji sentýabry aralygynda Gresiýanyň paýtagty Afinada geçirilen 20-nji Balkan açyk çempionatynda üstünlikli çykyş etdi.

Esasan hem 13–14-nji sentýabrda geçen jemleýji bäsleşik günlerinde türkmen türgenleri “ne waza” we “no gi” görnüşleri boýunça ýokary netijeleri görkezdi.

“Ne waza” görnüşinde:

  • Altyn medal gazananlar: Soltanmyrat Nuryýew (62 kg), Şyhberdi Rahmanow (69 kg), Bagtyýar Myradow (77 kg), Rahat Kurbanow (85 kg, weteranlar).

  • Kümüş medal: Alyşir Jumamyradow (62 kg), Yslam Owezow (69 kg), Eziz Ýollyýew (85 kg).

  • Bürünç medal: Yslam Rejepow (62 kg), Dayaç Kullyýew (69 kg), Annagurt Amanmyradow (77 kg).

“No gi” görnüşinde:

  • Çempionlar: Yslam Rejepow (62 kg), Yslam Owezow (69 kg).

  • Kümüş medal: Süleýman Nuryýew (62 kg), Dayaç Kullyýew (69 kg), Eziz Ýollyýew (85 kg).

  • Bürünç medal: Soltanmyrat Nuryýew (62 kg), Şyhberdi Rahmanow (69 kg), Ogulduresin Azimowa, Annagurt Amanmyradow (85 kg).

Jemi netijede türkmen türgenleri 38 medal gazandylar: 14 altyn, 12 kümüş, 12 bürünç medal, bu bolsa ýygyndynyň ýokary taýýarlygyny görkezýär.

Iň köp görülen

31 Okt. 13:30

Türkmenistanyň wekiliýeti Manasda GDA-nyň Serhet goşunlarynyň serkerdeleri Geňeşine gatnaşdy

Çeşme

Oktýabr aýynyň 30-da Gyrgyz Respublikasynyň Manas şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Serhet goşunlarynyň serkerdeleri Geňeşiniň mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.

Mejlise AzerbaýjanBelarusGazagystanGyrgyzystanRussiýaTäjigistanTürkmenistan we Özbegistan döwletleriniň serhet gulluklarynyň wekilleri, şeýle hem GDA ýerine ýetiriji komitetiniňGeňeşiň utgaşdyryjy gullugynyňKollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHSG)ŞHG-nyň we Serhet gullugynyň weteranlarynyň halkara birleşiginiň wekilleri gatnaşdy diýip, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.

Geňeşde GDA agza ýurtlarynyň daşky serhetlerindäki ýagdaýlar seljerildi hem-de olaryň howpsuzlygyny berkitmek boýunça goşmaça çäreler kesgitlenildi.

Şeýle hem GDA-nyň Terrorçylyga garşy merkeziJenaýatçylyk bilen göreşi utgaşdyryjy býuro we ŞHG-nyň sebit terrorçylyga garşy gurluşy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geňeş 2025-nji ýylyň jemleri boýunça ýerine ýetirilen işleri seljerip, indiki döwür üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitledi. Jemi 22 çözgüt kabul edilip, olar serhet howpsuzlygyny berkitmäge hem-de GDA ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirildi.

Mundan başga-da, serhetleri goramakda aýratyn göreldelik görkezen harby gullukçylara Geňeşiň karary bilen sylaglar gowşuryldy.