Oýun sanawy
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 8 aýynda durnukly ykdysady ösüş gazanyldy
30 Awgust. 08:292025-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde durnukly ösüş dowam etdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni geçirilen hökümet mejlisinde çykyş edip, ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri boýunça deslapky maglumatlary hödürledi.
Hasabata görä, içerki ykdysady ösüşiň baş görkezijisi bolan jemi içerki önüm (JIÖ) 6,3% artdy. Şol bir wagtyň özünde, öndürilen önümleriň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,9% ýokarlandy.
Söwda ulgamynda hem ähmiýetli ösüş gazanyldy: bölek satuw söwdasy 13,1%, daşary söwda dolanyşygy bolsa 5,5% artdy.
Maýa goýumlar ulgamynda hem ösüş bar – dürli çeşmelerden çekilen serişdeler esasynda goýlan maýa goýumlaryň möçberi 10,8% ýokarlandy.
Esasy pudaklar boýunça ösüş derejesi şeýle:
Ulag we aragatnaşyk: +11%
Söwda: +9,8%
Hyzmatlar sektory: +8,4%
Gurluşyk: +7%
Oba hojalygy: +4,9%
Senagat: +1,5%
Şeýle hem Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100% ýerine ýetirildi. Uly we orta kärhanalarda ortaça aýlyk zähmet haky 11,9% ýokarlandy. Aýlyk haklary, pensiýalar, kömek pullary we stipendiýalar öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, makroykdysady durnuklylygy saklamak boýunça degişli çäreleri görmegi we ministrlikleriň önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişini yzygiderli seljermegi tabşyrdy.
Şeýle hem okanyň


Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi
Bugün 08:31Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.
Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.
Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.