Oýun sanawy

Türkmenistan 2027-nji ýylda halkara energetika forumyna eýeçilik etmegi meýilleşdirýär

07 Maý. 13:50

Çeşme

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew bilen «Hemmeler üçin durnukly energetika» (SEforALL) guramasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stefano Marguççonyň arasynda geçirilen duşuşykda möhüm başlangyç öňe sürüldi. Türkmen tarapy 2027-nji ýylda «SEforALL» forumyny öz çäginde geçirmegi teklip etdi. Nýu-Ýorkda geçirilen bu gepleşikler ýurdumyzyň dünýäniň energetika diplomatiýasyndaky ornuny has-da berkitmäge bolan meýillerini görkezýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar durnukly energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns Durnukly ösüş maksatlarynyň 7-njisine, ýagny elýeterli, ygtybarly we ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerine geçmek meselelerine gönükdirildi. Şunda Türkmenistanyň energetika özara baglanyşygyny üpjün etmek boýunça alyp barýan syýasatynyň halkara jemgyýetçiligi üçin ähmiýeti bellenildi.

Gepleşikleriň mowzuklarynyň biri hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen energetika özara baglanyşygyna degişli Kararnamanyň durmuşa geçirilmegi boldy. Bu resminama sebitde we dünýäde durnukly energetika ulgamyny kemala getirmekde esasy gural bolup hyzmat edýär. Şeýle hem taraplar energetika taslamalarynyň durnukly ulag düzümleri bilen utgaşdyrylmagynyň netijeliligi barada pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, 2026 — 2035-nji ýyllar üçin BMG-niň durnukly ulag boýunça onýyllygy hem-de Awaza hereketler maksatnamasynyň amala aşyrylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramak we olaryň dünýä bazarlaryna bökdençsiz çykmagyny üpjün etmek meselesi gepleşikleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. 2027-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän forum bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna öwrülip biler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌